Siziň üçin...Slider

Iňlis dilini nädip çalt öwrenmeli?

06-03-2023 / 398

Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini bilmek dünýä ylmyna aralaşmagyň  möhüm şertleriniň biridir. Islendik daşary ýurt dilini öwrenmek, edil  biziň  pikir edişimiz  ýaly, beýle bir kyn hem däl we köp wagty talap etmeýär. Ony çalt we aňsat özleşdirmek diňe özümize bagly. Geliň, meselem, iňlis dili üçin gerekli bolan zatlary ýekän-ýekän  öwreneliň!

Isleg
Iňlis dilini öwrenmek üçin, islendik işde bolşy ýaly, ilkinji nobatda, isleg  gerek. Özüňize  hemişe “Men bu  dili näme üçin öwrenýärin?” diýen soragy beriň. Dili  öwrenmek bilen bagly kynçylyk ýüze çykanda ýa-da yza çekilmek pikiri dörände, öz maksadyňyzy ýadyňyza salyň!

Wagt
Häzirki wagtda ýurdumyzda birnäçe dil öwredýän merkezler bar. Olaryň  aglabasynda  okuwlar hepdäniň dowamynda 3 ýa-da 4 güne niýetlenen. Gündelik  durmuş  aladalary bilen başagaý  adamlaryň  gaty  köp  bölegi  başga  günlerde  dil  öwrenmek  üçin wagt tapyp bilmeýär. Bu  bolsa  dil  öwrenmek  usulyny  haýallaşdyrýar. Şonuň  üçinem iňlis dili  öwrenilende  ony  her  gün  özleşdirmek gerek. Gündelik gaýtalamagyň netijesinde  täze  dili  çalt  öwrenip  bolýar. Öwrenmäge  başlanyňyzda  öz  öňüňizde  şeýle  şerti  goýuň: “Men  her  gün, nähili  ýagdaý  bolanda  hem, täze  dili  öwrenmek  üçin  azyndan  ýarym  sagat  wagt  taparyn”. Şeýle  edilen  ýagdaýda,  dili  çalt  öwrenmek  bilen  bir  hatarda, ýadyňyz  hem  kämilleşer.

Başarnyk
Dilşynas  alymlar iňlis dilini öwrenmegi dört sany ugra bölýärler:
okamak – daşary  ýurt  dilinde  ýazylan  ýazga  düşünip  bilmek  başarnygy;
eşitmek – başga  dilde  eşidilen  zada  düşünmek  başarnygy;
ýazmak – başga  dilde  ýazyp  bilmek  başarnygy;
geplemek – öz  pikiriňi  başga  dilde  beýan  edip  bilmek  başarnygy.

Şu  dört   başarnygy  gazanmak  üçin  aşakdaky  üç zady  özleşdirmek  möhümdir: grammatika, söz  baýlygy  we  sesleri  dogry  aýdyp  bilmek.
Diýmek, şu  üçüsini  özleşdirmesek, täze  dil  öwrenmek  biziň  üçin  juda  kyn  bolar.

Haýsy  usullar  amatly?
Indi  şu  üç  zady  haýsy  usullar  arkaly  tiz  öwrenip  bolýandygy  hakynda  durup  geçeliň!

Grammatika – adatça, daşary  ýurt  dilini  öwrenýänleriň  gaty  köpüsi  üçin ilkibaşda   grammatikany  öwrenmek  mümkin  däl  zat  ýaly  duýulýar. Islesek-islemesek, dogrudanam,  dil  öwrenmegiň  iň  kyn  basgançagy  grammatikadyr. Şol  bir  wagtyň  özünde iň  zerur basgançagy hem şol. Ýöne  siz  asla  gorkmaň! Ony  öwrenmegiň  hem  aňsat  usullary bar.
Käbir  diller  öwrenilende, hatda  şol  milletiň  özünde  hem  ulanylmaýan  kadalaryň    öwrediljek  bolýan  ýagdaýy  seýrek  bolmaýar. Şonuň  üçinem, ilkinji  nobatda, gerekli  kadalary  saýlap  öwrenmeli,  ýat  tutmaly.

Şasenem BERKELIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu