Türkmen taryhynda tagta eýe bolan zenanlar bir ýa-da iki däl. Taryhy çeşmeler şindi oguzlaryň zamanynda Zarina, Tumar şa, Altyn Gözgi, Barçyn Salyr, Şabaty hanym, Günün Görkli, Gerçebolady hanym, Kugatly hanym ýaly zenan hökümdarlaryň bolandygyny habar berýärler.
Türkmen taryhynda uly yz galdyran zenan hökümdarlaryň hatarynda Rumdaky Seljuk türkmenleriniň döwletiniň hökümdary Gylyç Arslan II gyzy, Kaýseriniň hökümdary Göwher hatynyň, Saltyklar begliginiň hökümdary Mama hatynyň, türkmenleriň Delidäki döwletiniň patyşasy Iltutmuş soltanyň gyzy Radiýa hanymyň, Kermandaky Gutlug han türkmenleriniň hökümdary Gutlug hatynyň, ady agzalan döwleti 1293 — 1295-nji ýyllarda dolandyran Patyşa hatynyň, Parsdaky Salyr türkmenleriniň döwletiniň iň soňky hökümdary Abyş hanymyň atlaryny görkezmek bolar.
Taryhy maglumatlara görä, Göktürkmen döwletinde zenanlara goýlan sarpa öz döwri bilen deňeşdireniňde juda uly bolupdyr. Bu döwürde han we onuň aýaly tarapyndan döwletiň bilelikde dolandyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Gadymyýetde bir türkmen zenany ähli şaý-seplerini dakynyp çykanda, diňe bezegleriň özi 36 kilograma deň bolupdyr.
Dünýäde ilkinji bolup iki gezek Nobel baýragyna eýe bolan kişi Mariýa Kýuri atly zenan alymdyr. Tutuş ömrüni ylma bagyşlan polşaly zenan alym 1903-nji ýylda fizika, 1911-nji ýylda bolsa himiýa ugry boýunça bu abraýly baýraga mynasyp bolmagy başarypdyr.
Niger Respublikasynyň zenanlary Zeminiň iň köp çagaly eneleri hasaplanýar. Olaryň ortaça 7 çagasy bar.
Dünýäniň ilkinji kompýuter programmaçysy Ada Lawleýs atly zenandyr.
Sent Lýusiýa atly ada döwleti Ýer togalagynda aýal maşgalanyň adyny göterýän ýeke-täk ýurtdur. Onuň beýle atlandyrylmagynyň sebäbi-de bu adanyň 1502-nji ýylyň 13-nji dekabrynda, ýagny Keramatly Lýusiýanyň gününde açylmagydyr.
Italiýada Halkara zenanlar güni «La Festa della Donna» diýlip atlandyrylýar. Bu günde zenanlary güýjüň hem duýguçyllygyň nyşany hasaplanýan sary mimoza gülleri bilen gutlamak ýörgünli.
ABŞ-da tutuş mart aýy zenanlara bagyşlanýar. Her ýylyň mart aýynda bu ýurtda resmi taýdan Zenan taryhynyň biraýlygyna badalga berilýär.
Barlaglaryň tassyklamagyna görä, aýallaryň görüş, ys alyş we eşidiş duýgulary erkeklerden iki esse güýçli bolýar.
Florens Naýtingeýl atly iňlis şepagat uýasynyň doglan güni, ýagny 12-nji maý dünýäde Şepagat uýalarynyň güni hasaplanýar.
Köpçülikleýin pikir soraşmalaryň netijelerine görä, doglan günleriň we belli seneleriň wagtyny ýatda saklamakda zenanlaryň erkeklerden has ezberdigi belli bolupdyr.
Ýelena Rubinşteýn kosmetikany esaslandyran zenandyr. Zenanlar ýylyň dowamynda 120 sagat aýnada özlerine timar berip geçirýärmişler.
Muhammet GELDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.