
Türkmen halkynyň özboluşly aýratynlygy onuň zenan maşgala bolan hormatynda hem aýan bolýar. Zenan mertebesini, gadyr-gymmatyny hemişe belentde tutýan halkymyz asyrlaryň dowamynda türkmen gelin-gyzlaryny, mährem eneleri wasp edýän ajaýyp eserleri döredipdirler. Dilleri senaly enelerimiz, baýdak boýly, gül meňizli gyz-gelinlerimiz bu ajaýyp hormaty özleriniň ylahy asyllylygy, edep-ekramy, hünärliligi, sypaýylygy, salykatlylygy, gözelligi bilen gazanypdyr.
Şahyrlaryň şygyrlarynyň ylhamyna öwrülen zenanlar döwrümiziň baýdagy, mertebesi hökmünde öýlerimizi, dünýämizi bezäp ýaşaýar. Olaryň syrdan doly dünýäsi açylmadyk hazyna mysaly, döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan halkadyr. Öý-ojagyň abadanlygyny hem-de maşgalanyň agzybirligini saklamak, perzentlerini edepli, terbiýeli etmek, olara asylly görelde bolmak zenan maşgalanyň mukaddes borjudyr.
Türkmen jemgyýetinde zenan gözellik çeşmesidir. Dünýäniň ähli gözelliklerini zenan waspynda ulanýarlar. Zenan bu dünýäniň bezegidir. Türkmen ýazyny ýada salýan nepis haly, keçe, keşde, älemgoşardan reňk alan elwan matalar bularyň hemmesi hem zenan aňynyň önümidir. Diýmek, zenanyň halkyň döreden milli mirasynyň, milli medeniýetiniň ösmeginde uly orny bardyr.
Akyldarlaryň biri: «Haýsy ýurduň eneleri ýylgyrýan bolsa, şol ýurt iň bagtyýar ýurtdur» diýipdir. Hakykatdanam, biz eneleriň ýylgyrýan, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýarys.
Gujagy bahar-ýazly, aýdym-sazly, döwletli-döwranly, güneşli diýarymyzda öý-ojagyň eýesi bolan zenanlara goýulýan sarpa uludyr. Barlygymyzyň gül görkli zenanlary, siziň nurdan doly nurana, owadan ýüzüňiz elmydama ýylgyryp dursun! Siziň kuýaş suwy çaýylan owadan ýüzüňizde, mähirden püre-pür gözleriňizde hiç haçan gaýgy-gussa görünmesin!
Aýgül ŞAMYRADOWA,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.