SliderŽurnalistiň sahypasy

Azerbaýjanyň dünýä belli «AZERTAC» döwlet habarlar gullugy

04-03-2023 / 8

AZERTAC ýa-da Azerbaýjan döwlet habarlar gullugy ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleri üçin resmi döwlet maglumatlarynyň ýeke-täk ynamdar çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ol 1920-nji ýylyň 1-nji martynda Azerbaýjan Respublikasynyň hökümetiniň karary bilen döredilendir.

Azerbaýjan döwlet garaşsyzlygyny alanyndan soňra taryhy adyny täzeden dikeltdi. 1995-nji ýylyň 3-nji martynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Döwlet Telegraf Agentligi, 2000-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Azerbaýjan Döwlet Telegraf Guramasy diýlip atlandyrylypdyr.

Resmi döwlet habarlary bilen bir hatarda, AZERTAC jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglyk, sport, daşky gurşaw baradaky iň täze habarlary azerbaýjan, rus, iňlis, nemes, fransuz dillerinde yzygiderli çykarýar.

Häzirki wagtda AZERTAC Russiýanyň «ITAR-TASS», Türkiýäniň «AnadoluAjans», Hytaýyň «Sinhua», Rumyniýanyň «Rompress», Ukrainanyň «Ukrinform», Bolgariýanyň «BTA», Italiýanyň «ANSA», Eýranyň «IRNA», Serbiýanyň «TANYUG», Belarussiýanyň «BELTA», Moldowanyň «Moldpres», Albaniýanyň «ATA», Wengriýanyň «MTI», Müsüriň «MENA», Iordaniýanyň «PETRA», Indoneziýanyň «Antara», Mongoliýanyň «Montsame», Koreýa Respublikasynyň «Ononhap», Latwiýanyň «LETA», Gyrgyzystanyň «Kabar» ýaly dünýä belli birnäçe maglumat agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.

Azerbaýjan döwlet habarlar gullugynyň 2004-nji ýylda Aziýa-Ýuwaş umman habarlar gullugy guramasynyň agzalygyna kabul edilendigini hem aýratyn bellemeklik zerurdyr. Mundan başga-da, AZERTAC türki dilli ýurtlaryň habar agentlikleriniň birleşigine (TCA) agza ýurtlaryň milli habar agentlikleriniň birleşmesini esaslandyryjylaryň biridir. 2008-nji ýyldan bäri AZERTAC Aziýa habar agentlikleriniň Aziýa konsorsiumy bolan AsiaPulse-iň hem agzasy.

2013-nji ýylyň sentýabrynda Moskwada geçirilen «OANA» -nyň XV Baş Assambleýasynda guramanyň wise-prezidenti saýlandy. Şol ýygnakda, agza agentlikleriň gizlin ses bermegi bilen AZERTAC 2016-2019-njy ýyllar üçin «OANA» başlyklyk etmek hukugyna eýe boldy. 2016-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Bakuda geçirilen «OANA» -nyň XVI Baş Assambleýasynda edara başlyklyk wezipesini ýerine ýetirdi.

2013-nji ýylyň 20-nji noýabry, Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Riýadda, Dünýä habar agentlikleriniň IV Bütindünýä kongresinde (NAWC) dünýäniň 70-den gowrak habar birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «IINA», «SKY News Arabystan», «Los Angeles Times», «Guardian», «BBC» we «MSN», «Google», «Yahoo» ýaly meşhur internet korporasiýalary 2016-2019-njy ýyllar üçin «AZERTAC» -y başlyklyga saýlady.

2016-njy ýylyň 16-17-nji noýabrynda Geýdar Aliýew AZERTAC-yň guramaçylyk goldawy bilen Bakuda V Bütindünýä habar agentlikleriniň kongresini geçirdi. Oňa 80-den gowrak habarlar agentlikleriniň 190-a golaý ýolbaşçysy we 100-e golaý şol gullugynyň wekilleri, halkara metbugat hünärmenleri, BMG-niň hem-de ÝUNESKO-nyň resmi wekilleri, sebitleýin metbugat guramalarynyň işgärleri gatnaşdy. BMG-niň şol wagtky Baş sekretary Pan Gi Munyň ýüzlenmesi Kongresde okalyp, ÝUNESKO-nyň Baş müdiri Irina Bokowanyň wideo habary görkezilipdi. «Habar gulluklary üçin täze kynçylyklar» atly şygar astynda geçirilen Baku kongresinde «Maglumat sarp etmegiň geljegi», «Habar gulluklary täze tehnologiýalaryň we sosial mediýanyň kynçylyklary hem-de mümkinçilikleri», «Habar gulluklarynyň täzelikleri», «Multimediýanyň geljegi üçin žurnalistlere bilim bermek», «Žurnalistleriň missiýasyny goramak: erkinlik, elýeterlilik, howpsuzlyk» ýaly mowzuklaryň üstünde pikir alyşyldy.

Resmi edaralary ABŞ, Angliýa, Fransiýa, Germaniýa, Awstriýa, Latwiýa, Wengriýa, Russiýa, Ukraina, Müsür, Türkiýe, Bolgariýa, Eýran, Gazagystan, Özbegistan, Rumyniýa, Ispaniýa, Italiýa, Şwesiýa, Hytaý we Ýaponiýa sebitlerinde ýerleşýär.

Agentligiň multimediýa we wideo habarlar gullugy «Azerbaýjanyň töwereginde gezelenç», «Ýadygärliklerimiz», «Dünýä şäherleri», «Biziň yşyklandyryjylarymyz» ýaly birnäçe taslamalary durmuşa geçirýär. 2013-nji ýylyň sentýabryndan bäri AZERTAC-da Çagalar Bilim Portaly hem işleýär. 2017-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Azerbaýjanyň Döwlet habarlar gullugynyň Tertipnamasy Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň karary bilen tassyklandy.

2012-nji ýylyň 26-njy aprelinde Azerbaýjan habar gullugy we Polşanyň metbugat gullugy, 2019-njy ýylyň sentýabrynda AZERTAC Ysraýylyň Tazpit gullugy, şol ýylyň 26-njy oktýabrynda Kuba agentligi Prensa Latina hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek Memorandumyna gol çekdi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Orazmyrat HEMRAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu