2023-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň arasynda debate ýaryşy geçirildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Aýna Seýitliýewa, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgäri Işan Orazow, “Degirmen” hojalyk jemgyýetiniň başlygy Baýram Amanmuradow, KHBS-niň wekili, žurnalist Bahar Hojamuhammedowa, “Akenmar” hojalyk jemgyýetiniň wekili Maral Annanurowa, şeýle hem USAID-iň Ýaşlar baradaky Ösüş taslamasynyň hünärmeni Hemra Atabaýew dagylar bu günki geçirilen “debate” ýaryşyna adalatly eminlik etdiler.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral, Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Luciano Galli, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Renata Wrobel dagylar hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar.

“Debate” ýaryşyna gatnaşan toparlar ikileýin görnüşde öz aralarynda bäsleşip, soňlugynda final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Gatnaşyjylar özlerine hödürlenen temalar boýunça bäsleşip, emin agzalar tarapyndan adalatly baha berildi.


Ýaryşyň final tapgyryna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, üstünlikli çykyş eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary ýeňiş gazanmagy başardylar.
Taňryberdi MYRATLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.



