Siziň üçin...Slider

Bahar, bahar ýüregimiň aramy…

03-03-2023 / 17

Pa­syl­la­ryň sol­ta­ny ha­sap­la­nyl­ýan ba­har pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len daş-tö­we­rek ýa­şyl begrese bü­re­nip, da­ragt­lar pyn­tyk ýa­ryp, gül-gun­ça­lar lä­le­zar­ly­ga öw­rül­ýär. Tebiga­tyň jan­la­nyp, te­bi­gat gö­zel­lik­le­ri­niň şug­la saç­ýan pur­sat­la­ry ba­ba­daý­han­lar ekin meýdanlary­na çy­kyp, yh­las siň­di­rip, bol ha­sy­lyň düý­bü­ni tut­ma­ga gi­riş­ýär­ler. Ba­ha­ryň aja­ýyp günle­ri özü­niň aras­sa, my­la­ýym ho­wa­sy bi­len ja­na te­ne­kar bo­lup, zäh­me­te hy­juw, Wa­ta­na söý­gi dö­red­ýär.

Türk­men te­bi­ga­ty­nyň tä­sin­lik­le­ri­ni söz bi­len be­ýan edip so­ňu­na çy­kar ýa­ly däl. Ýur­du­my­zyň is­len­dik kün­jegin­de ak­ly­ňy haý­ra­na goý­ýan tä­sin­lik­le­ri me­se-mä­lim gör­mek bol­ýar. Ba­har pas­ly­nyň şu gün­le­ri daş-tö­we­rek has-da gö­zel­leş­ýär. Gü­nüň nu­ru­na eý­le­nen tä­sin te­bi­gat ýaz­da üýt­ge­şik gör­nü­şe gir­ýär. Gar­la­ry ere­dip, bulak­la­ry dö­re­den ba­har pas­ly öz gö­zel­li­gi­ni äle­me çaý­ýar. Äh­li pa­syl­la­ryň hem öz­bo­luş­ly gö­zel­li­gi, aý­ra­tyn öwüş­gi­ni bar. Ýö­ne ba­har pas­ly­nyň gö­zel­li­gi­ne taý gel­jek gö­zel­lik ýok­dur. Ba­har äh­li pa­syl­la­ryň sol­ta­ny ha­sap­la­nyl­ýar. Ba­har­da baýyrlar, düz­ler, giň säh­ra­lar ýa­şyl beg­re­se bü­ren­ýär. Agaç­lar pyn­tyk ýa­ryp, dünýäniň owa­dan­ly­gy­na has-da görk ber­ýär.

Guş­la­ryň bi­ri-bi­rin­den gal­ma­jak bo­lup saý­ra­ýyş­la­ry, sä­her bi­len asu­da­ly­gyň aýdymy­ny aý­dyş­la­ry diý­seň tä­sin. As­man­dan in­ýän ýa­gyş dam­ja­la­ry öz aky­my bilen adam­la­ryň göwün­le­ri­ni gal­kyn­dyr­ýar hem-de go­ja Ze­mi­ne rys­gal-be­re­ket paý­la­ýar. Gö­zel te­bi­gat­ly owa­dan ba­har pas­ly özü­niň tä­miz, ýa­kym­ly we aja­ýyp ho­wa­sy bi­len dün­ýä­mi­ze, ýüreklerimi­ze ara­laş­ýar.

Ba­ha­ryň her bir gü­ni, her pur­saty owa­dan. Ba­ha­ryň ýü­rek­ler­de joş­gun dö­re­dip, jan­ly-jandar­la­ry, tu­tuş te­bi­ga­ty oýa­ry­şy owa­dan. Ba­har­da Ze­mi­niň ýa­şyl beg­re­se bü­re­nip, oňa-da el­wan gül­ler­den keş­de çe­ki­şi owa­dan. Owa­dan ba­har pas­ly her ge­zek ja­ha­na do­lan­da täsin bir rö­wüş bi­len nur­lan­ýar. Te­bi­ga­tyň hä­si­ýe­ti yn­sa­nyň hä­si­ýe­tin­de şöh­le­nenen bolma­ly. Gö­zel­li­giň sol­ta­ny bo­lan nä­zi­jek gül­ler ýaz paslyn­da has-da owa­dan gör­ke eýe bol­ýar­lar. Gö­ýä olar yn­san mäh­rin­den güýç al­ýan ýa­ly, ýaz şe­ma­ly­na ýu­waş­ja yg­syl­dap, öwüş­gin at­ýar­lar. Da­şy­my­zy gur­şap alan ak, gy­zyl, sa­ry, gyr­my­zy gül­ler gö­zel­li­giň hem bag­tyň ny­şa­ny ki­min ys­la­ry­ny çar ta­ra­pa ýaý­rad­ýar­lar. 

Merjen KURBANOWA,
TDP-niň Saýat etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu