- Akylly we ak göwünli adamy döreden adam iň ökde ussadyr.
- Gözleriňi ýumup söýmek hem ýigrenç bilen des-deňdir.
- Ýalan sözleýänler hakykaty aýdýanlara ynanmaýarlar.
- Wyždanyňa sygmaýan zada göz ýummak örän howply.
- Dostlaşmagy başarman sen özüňi talaýarsyň.
- Durmuş haçan dymmagy öwredýär? Haçan-da derdiňi aýdara adamyň ýoklugynda.
- Ýürekden nur almaýan owadanlyk adamlaryň gözünden düşýär.
- Arassalyk ugrunda göreşmeli däl-de, syryp-süpüräýmeli.
- Adamyň durmuşyndaky iň ýigrenji zat ölümdir.
- Biperwaýlyk bilen elden giden Leýliň üçin gözýaş dökmek biderekdir.
- Ussat ýazyjylaryň iň uly baýlygy beýleki adamlardan ýygnan gürrüňleridir.
- Ynsanyň içinde basyrylgy ýatan güýç tebigatdaky täze bir güýçdür.
Ogultar ÇARYÝEWA,
TDP-niň Bäherden etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.