Siziň üçin...Slider

Döredijilikli pikirlenmek

03-03-2023 / 15

Her bir ynsanda haýsy hem bolsa bir ugry kämillik derejesine ýetirmäge  ukyp bolýar. Ýöne zehin artykmaçlygynyň bir özi kämil derejedäki üstünligi hasyl etmän biler. Şonuň üçin  zehini zähmet, sport we döredijilikli pikirlenmek bilen utgaşdyrmak gerek. Bedeniň sagdynlygy gujurly hereket etmäge, işe yhlasly we döredijilikli çemeleşmäge ruhlandyrýar. Munuň üçin sport bilen meşgullanmaly, iň bolmanda, ylgamak ýa-da köpräk ýöremek bilen meşgullanmaly.

Her bir zady kämil özleşdirmegiň, öwrenmegiň ygtybarly ýollarynyň biri köp okamak we öwrenmekdir hem-de öwrenenleriňi başgalara öwretmekdir. Her bir adam özüniň ukyp-başarnygyna laýyk iş bilen meşgullanmalydyr, öz hünärini söýmelidir. Ynsan öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin döredijilikli pikirlenmäge çalyşmaly. Şeýle ýagdaýda zehin ýitelmek bilen bolýar. Bu bolsa zehiniň açylmagyna ýardam edýän özboluşly bir usuldyr.

 “Akyl kartasy” diýilýän düşünje pikirleri surata, kagyza geçirmek üçin iňňän ygtybarlydyr. Bu usul beýniniň iki tarapyny hem işjeňlige, ýagny amal işjeňligine we pikir işjeňligine iterýär. Üstesine, saňa ýokary derejede pikirlenmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa has gowy netijeleri gazanmak üçin örän ähmiýetlidir.

Roza TAŞPOLATOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň buhgalteri

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu