Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

03-03-2023 / 7

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula Larisa şäheriniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly demir ýol heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu