Siziň üçin...Slider

Tüwi barada täsin 7 maglumat

03-03-2023 / 67

Maglumatlara görä, şaly miladydan ozalky 3000-nji ýyllardan bäri ösdürilip ýetişdirilýär.

Üwelmedik şaly birnäçe ýyllap zaýalanman saklanýar.

Ýer ýüzünde tüwiniň 10 müň töweregi görnüşi bardyr. Olar daşky şekili, reňki, ululygy, hasyllylygy bilen tapawutlanýarlar.

Üwelen tüwüden un we krahmal öndürilýär.

Şaly Ýer ýüzünde däneli ekinleriň arasynda iň köp hasyly alynýan mekgejöwenden soňra ikinji ekin hasaplanýandyr.

Dünýäde her ýylda ortaça 500 million tonna tüwi öndürilýär.

Hytaý, Hindistan, Bangladeş, Indoneziýa, Tailand tüwüni köp öndürýän ýurtlardyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu