Habarlar

Türkmen türgeni Ýewropa medalyny gazandy

02-03-2023 / 8

Ýakynda Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Ýaryşda türkmen ýygyndysyna 13 türgen wekilçilik etdi. Has takygy, ýurdumyzyň erkekler ýygyndysynda Hakberdi Jumaýew, Aýbek Ömirow (60 kilograma çenli agram derejesinde) Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (66 kilograma çenli), Parahat Nazarow, Begenç Soltanow (73 kilograma çenli), Şatlyk Seýitmyradow (81 kilograma çenli), Mämmedaly Açyldyýew (90 kilogram) we Baýmyrat Majanow (100 kilograma çenli), zenanlar ýygyndysynda bolsa Aksoltan Hojageldiýewa, Gurbanaý Gurbanowa (48 kilograma çenli), Maýsa Pardaýewa (57 kilograma çenli) we Zülhumar Daşgynowa (63 kilograma çenli) dagy ýaryşdylar. Olar abraýly ýaryşa tejribeli tälimçiler Gahryman Amandurdyýew bilen Tatýana Widýasowanyň ýolbaşçylygynda gatnaşdylar. Umuman, Ýewropanyň açyk çempionatynda 43 döwletden 429 türgen güýç synanyşdy.

Çekeleşikli geçen tutluşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň wekili Hakberdi Jumaýew 60 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medalyň eýesi boldy. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda ukrainaly Nazar Wiskowy ýeňen türkmen türgeni bürünç medaly gazagystanly Şerzod Dawlatow bilen paýlaşdy.

Bu agram derejesinde hormat münberiniň birinji basgançagyna 20 ýaşly fransiýaly türgen Waladýe Pikar çykdy. Ol altyn medal ugrundaky duşuşykda watandaşy Žan Enzony ýeňdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu