SliderŽurnalistiň sahypasy

Türkmenistan — BMG: şöhratly wakalaryň 31 ýyllyk taryhy

02-03-2023 / 8

Şu gün — 2-nji martda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilenine 31 ýyl dolýar. Munuň özi diýseň uly şanly wakadyr.

Garaşsyzlygyny gazanansoň, ilkinji ýarym ýylyň içinde dünýäniň iň abraýly halkara guramasynyň ― BMG-niň agzasy bolan Türkmenistan bu guramanyň konwensiýalarynyň we pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesiniň hem agzasydyr. Şeýle-de biziň ýurdumyz halkara giňişliginde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk döwlet hökmünde-de meşhurdyr.

Geçen 31 ýylyň içinde Türkmenistan ― BMG gatnaşyklarynyň taryhy şan-şöhratly sahypalara juda baý. Şol taryh Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna bagyşlanan dürdäne eserlerinde-de, müňlerçe makalalarda-da öz beýanyny tapýar. Bu taryhyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky sahypalary barada hem aýdara-diýere zat örän kän. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan nurana geljeginiň eýelerini Tug edip belende galdyran ýylynda-da bu iri halkara guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygyny üstünlikli dowam etdirýär. Şunda BMG-niň pudaklaýyn edaralary bilen hyzmatdaşlyga has uly paý degişlidir.

Geçen aýda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde, şol sanda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralarynyň işläp başlamagyny Türkmenistan ― BMG gatnaşyklarynyň möhüm sahypalarynyň biri hökmünde görkezip bileris. Abraýly halkara guramasynyň ykrarnamasyna eýe bolan bu kafedralar Türkmenistanda bilim babatynda alnyp barylýan işleriň ýene bir oňyn miwesidir.

Umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň 21-siniň BMG tarapyndan ykrar edilen ýurdumyz bu gün bu halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň 31 ýyllygyny belleýär. Ygrarlylyga, ynanyşmaga beslenen bu hyzmatdaşlyk asyrlara uzasyn!

Mergen BAKYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Marketing fakultetiniň Hili dolandyrmak ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu