Adamzat gije-gündiziň gezekleşmegi, ýyldyzlaryň Aý-Günüň dogup- -ýaşmagy, pasyllaryň üýtgemegi ýaly hadysalar bilen gyzyklanyp gelipdir. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda gije-gündiziň, aýyň we ýylyň özara sazlaşygyny, kanunalaýyklygyny tapmak üçin dürli halklaryň arasynda dürli görnüşdäki senenamalary döredipdirler.
Kalendar sözi asyl manysy latynça «karz ýa-da bergi kitaby» diýmekligi aňladypdyr. Ýagny, gadymy rimliler her aýyň üç gününi aýratyn at bilen belläpdirler, şeýlelikde her aýyň 1-ini kalend, her aýyň 5-ini non, her aýyň 13-ini id diýip atlandyrypdyrlar. Ýurduň bergidarlary bergisini her aýyň birinji güni — kalend güni bermeli edilipdir. Şeýle bolansoň, şu ýerden «kalendar» sözi gelip çykypdyr. Kalendar hasaplamalarynyň taryhda üç görnüşi — Aý kalendary, Aý-Gün we Gün kalendarlary bellidir.
Ýyl hasaplamalary gadym döwürlerde dürli usullar bilen amala aşyrylypdyr. Olaryň biri Tropik ýyl hasabydyr, ol 365 gün, 5 sagat, 48 minut, 46 sekunda deňdir. Mundan başga-da, Kalendar ýyl hasaby Tropik ýyla golaýdyr we her 4 ýylda bir gün goşulyp, «Wisokos» ýyly diýlip atlandyrylýar.
Rimiň döredilen wagty näbelli bolsa-da, Rimiň döredilen gününden bäri ýyl hasaplanyp başlanypdyr diýen netijä gelipdirler. Şol wagtky ýyl hasaby bilen 1284-nji ýylda Rim alymy Dionisiý hiç hili subut etmezden, Isa pygamber 532 ýyl mundan ozal doglupdyr, şol mynasybetli indiki ýyl 533-nji ýyl bolýar diýip belleýär. Ol 532 sany nireden aldyka? Bu babatda rus alymy I. Polak bu sana 28 bilen 19-yň köpeltmek hasylydyr diýip belleýär. Şeýlelikde, 28 san örän gyzykly häsiýete eýedir, ýagny, her 28 ýyldan bir gezek aýlardaky hepdäniň gününiň şol bir hepdäniň gününe gabat gelýändigini subut edýär. Dogrudan-da, 2021-nji ýyldaky aýlaryň güni 28 ýyl mundan ozal, ýagny, 1993-nji ýylyň aýlarynyň güni hepdäniň güni bilen gabat gelýän eken. Emma 19 san başga bir tebigy kanunalaýyklyga gabat gelýär we Aýyň aýlawy diýlip atlandyrylýar. Ýagny, her 19 ýyldan bir gezek «Täze aý», «Doly aý» möwsümleri aýyň, hepdäniň şol bir gününe gabat gelýär.
Gadymy rimliler täze ýyly ýaz paslyndan başlap, aýlary san bilen aňladypdyrlar we birinji aý mart aýyna, iň soňky on ikinji aý bolsa, fewral aýyna gabat gelipdir. Aýlaryň diňe dördüsinde san bilen aňlatmaklyk saklanyp galypdyr. Sentýabr — latynça, ýedinji, oktýabr — sekizinji, noýabr — dokuzynjy, dekabr — onunjy aý diýmekligi aňladypdyr. San bilen aňladylan beýleki aýlaryň dördüsiniň atlaryny hudaýlaryň atlary bilen çalşypdyrlar. Ýanus-Ýanwar, Mars-Mart, Mai-Maý we Ýunon-Iýun şeýle hem Ýuliý (Iýul) Sezaryň we onuň egindeşi Awgustyň (Awgust) ady bilen bagly bolupdyr. Fewral we aprel aýynyň gelip çykyşy barada alymlar belli bir netijä gelmändirler.
Wagtyň geçmegi bilen her aý hepdelere bölünipdir. Hepde pars sözi bolup «ýedi» diýmekligi aňladýar. Hepdäniň her güni pars dilinde häzirem ulanylýar, ýagny ýek-bir, du-iki, se-üç, çar-dört, penç-bäş diýen manyny aňladypdyr.
Hepdäniň günleri Günüň, Aýyň we gözýetimden uzakdaky planetalaryň birnäçesiniň atlary bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin Gün — ýekşenbe Aý — duşenbe, Mars — sişenbe, Merkuriý — çarşenbe, Ýupiter — penşenbe, Wenera — anna we Saturn — şenbe diýip atlandyrypdyrlar.
Ata-babalarymyz gije-gündiziň dowamlylygy we onuň ýagty bölegini, garaňky bölegini kesgitlemekde şeýle netijä gelipdirler: ýylyň bahar aýynda gije bilen gündiziň deňleşmesi 21-nji martda, gije bilen gündiziň güýzki deňleşmesi bolsa, 23-nji sentýabrda bolup geçýär. Iň uzyn gündiz 22-nji iýunda. Iň gysga gündiz hem 22-nji dekabrda bolup geçýär.
Bir sagadyň 60 minuta, bir minutyň 60 sekunta deňdigi has-da gyzyklydyr. Dogrudan-da 60 san nireden gelip çykdyka? Biziň zamanamyzdan 40 asyr çemesi mundan ozal gadymy Wawilonda döredilen altmyşlyk san ulgamy Ýakyn Gündogarda, Orta Aziýada, Demirgazyk Afrikada we Günbatar Ýewropada tä onluk san ulgamy döredilýänçä giňden ulanylypdyr. Biziň häzirki güne çenli ulanýan onluk san ulgamymyzda bir aýlaw onluk sanda (1,2,3,4,5,6,7,8,9,0) gutarýan bolsa, altmyşlyk san ulgamynyň bir aýlawy altmyş sanda gutarýar. Häzirki wagtda altmyşlyk san ulgamy wagt ölçemekde, minutdan we sekuntdan başga-da, burç we duga graduslaryny ölçemekde ulanylýar.
Wagtyň geçmegi bilen gün sagatlary, suw we çäge sagatlary ýüze çykypdyr. Bu sagatlar şu günki günde lukmançylykda we beýleki ylmy barlaghanalarda giňden ulanylýar. Alym-astronom Ulugbegiň 1430-njy ýylda Samarkantda gurduran beýikligi 50 metr bolan gün sagady häzirki wagta çenli saklanyp galypdyr.
Dürli ýurtlarda ulanylýan kalendarlar (Ýulian kalendary, Grigorian kalendary, Şemsi Gün kalendary, Kamary Aý kalendary, Ýyldyz kalendary biri-birlerinden tapawutlanypdyr.
Ýulian kalendary (köne sene). Bu kalendar Rimiň döwlet baştutany Ýuliý Sezaryň hormatyna atlandyrylypdyr we biziň eramyzdan öňki 46-njy ýyldan bäri ulanylypdyr. Ýuliý Sezar Müsüriň Gün kalendaryny Rimde ornaşdyrmakçy bolanda onuň maslahatçysy, müsürli Sozigen, bu kalendara käbir üýtgetmeler girizmegini, ýagny şol wagtky iň soňky aý bolan fewral aýyna her 4 ýyldan bir gün goşmagyny maslahat beripdir.
Ýulian ýyly astronomik ýyldan 11 minut 14 sekunt uzyn gelipdir. Bu ululyk gaty bir uly bolmasa-da, köp wagtyň geçmegi bilen bir seneden beýleki senä geçmeklige mejbur edipdir. Ýulian ýyly boýunça bir gije-gündiz wagty toplamak üçin 128 ýyl gerek bolupdyr. Üç gije-gündüziň ýalňyşyny jemlemek üçin bolsa, 384 ýyl ýa-da tas 400 ýyl gerek bolupdyr. Ýuliý Sezar tarapyndan girizilen we gadymy rimlileriň peýdalanan Ýulian kalendaryny üýtgetmek üçin 1582–nji ýylda Rim Papasy Grigoriý XIII şol wagtyň alymlaryndan iş toparyny düzüp, şu aşakdaky üýtgetmeleri girizmeli edipdir:
- 1582-nji ýylyň 4-nji oktýabryndan soň 5-nji oktýabr däl-de, 10 güni geçirip, 15-nji oktýabra geçmekligi buýrupdyr.
- Her 400 ýyldan bir gezek 3 güni aýyrmaly edipdir.
Munuň üçin 3 sany wisokos ýylyny 365 güne deň etmeli bolupdyr. Üç sany wisokos ýylyny aýyrmak üçin çalt ýatda galar ýaly asyr çalyşýan we 4-e bölünmeýän asyrlar (1600, 2000) bellenilipdir. Bu kalendar «Grigorian kalendary» diýlip atlandyrlypdyr. Grigorian kalendarynyň hem kemçiligi bar. 400 ýyldan soň üç günüň kemeldilmegi bilen takyk wagty alyp bolmandyr. Ýulian kalendaryndaky 11 minut 14 sekundy 400 ýyldan soň hasaplanlarynda 3 gün, 2 sagat, 53 minuta deň bolupdyr. Görşümiz ýaly, Grigorian ýyl hasabynda diňe 3 sany wisokos güni aýrylany bilenem 2 sagat 53 minut galypdyr.
Häzirki wagta çenli ulanylan we ulanylýan kalendarlaryň özüne ýetik ýetmezçiligi bar. Dünýä alymlary takyk kalendaryň taslamasynyň üstünde işleýärler.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Maksat ASTANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.