Siziň üçin...Slider

Täsin golland aýakgaplary

01-03-2023 / 13

Bu täsin aýakgaplar, alymlaryň aýtmaklaryna görä, öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandyr.

Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Gollandiýadan XIII asyra degişli bolan täsin aýakgaplar — paşmaklar tapyldy. Häli häzir hem gollandlar bu senedi dowam etdirip gelýärler. Maglumatlara görä, ýurtda bir ýylyň dowamynda agaçdan 3,5 million jübüt aýakgap ýasalýar. Olary öl, çygly söwüt, derek agaçlaryndan taýýarlaýarlar. Bu agaçlar ýumşak bolup, işläp bejermek ýeňil düşýär.

Taýýar şekiller edilensoň, bir aýa golaý guramak üçin goýýarlar. Soňra ýylmanyp, milli äheňde bezeg işleri ýerine ýetirilýär. Ölçeg alnanda, aýaga galyň ýüň jorap geýilýär. Bu aýakgabyň lak bolmagy üçin edilýär.

Gollandlaryň däplerine görä, nika dabarasynda ýaşlar agaçdan edilen aýakgaplary geýýärler. Toýdan soňra olary diwardan asyp goýýarlar.

Faruh ABDULLAÝEW,
TOHI-niň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu