
Her gezek ýaz paslynyň ilkinji güni Halyl Kulyýewiň şu goşgy setirleri kalbyňa dolýar:
Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi:
(Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar),
Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi,
Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.
Bahar — ýaşaýyş, ömrüň dowamy. Haçan-da suratkeşler ýaşaýşy suratlandyrjak bolsalar onda olar ýaşyl reňki ulanýarlar. Şahyrlar ýaşlygy, gözelligi, söýgini hem şatlygy beýan edenlerinde pikir-duýgularyny ýaz bilen baglanyşdyrýarlar. Gowy, bagtly ýaşaýşy bolsa baharda açylan güle meňzedýärler.
Pederlerimiz bahar paslynyň özüne mahsus bolan tebigat hadysalaryna salgylanyp, ýaz paslynyň howa şertlerini öňünden bilipdirler: «Ýaz gyşyndan belli bolar, gyz — gardaşyndan», «Owaly bulut bolsa, soňy ýaz», «Togsan dolman ýaz çykmaz». Şeýle mazmunly pähimler terbiýe babatda-da örän möhüm bolupdyr. Ýaş nesiller şeýle nakyllaryň üsti bilen tebigat barada giň düşünje toplapdyrlar.
«Kitaby dädem Gorkut» eposyndaky Gorkut atanyň pähim-parasadynda şeýle setirler bar: «Ýapa-ýapa garlar ýagsa, ýaza galmaz». Bu-da ýaz paslynyň özboluşly aýratynlygydyr. Çünki bahar gyşyň yzýany gelýän pasyldygyna garamazdan, howasy ýumşak, jana ýakymly. Gar ýagaýanda-da, ýumşaklyk bilen eräp gitmek bu paslyň howa şertine mahsus ýagdaýdyr.
Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň döredijiliginde ýaz pasly bilen bagly pikirler gözelligiň, owadanlygyň, söýginiň nusgasynda suratlandyrylýar. Mysal üçin, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde: «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýlen bolsa, Mätäji: «Ýaňagyň ýaz güni açylan läle» diýip, şahyrana pikir ýöredipdir.
Şahyr Çary Ýegenmyradowyň goşgusynda: «Bahary arzuwlan bahara gowşar» diýen setir bar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp ýazyny arzuwlan adamlaryň ýürek arzuwlary hasyl boldy. Diňe il-günümize däl, dünýä ýüzüne parahatçylygy arzuw edýän halkymyz Berkarar döwletimiziň ýene bir baharyna — ýaz aýlaryna gadam basdy.
Dünýä gözellik bolup dolýan bahar güllere beslenýän keşbi bilen her bir ynsanyň kalbynyň töründe orun alsyn!
Şöhrat SÄHETMYRADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.



