SliderSöhbetdeşlik

Düşbüje zehiniň joşguny

Bagtyýar nesilleriň ýürek owazy

01-03-2023 / 18

Gözellikler äleminiň bagtyýar döwründe, ykbalynyň çagalyk ýyllarynda buýsançly pursatlary başdan geçirýän nesillerimiz bu gün köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähli görnüşlerinde ýürek owazlaryny halkymyz bilen paýlaşýarlar. Şeýle ýaşlarymyzyň biri-de, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň okuwçysy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýylyň-ýylyna geçirýän Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi Hudaýberdi Hojaberdiýewdir. Ýurdumyzda nesillerimiziň ýaşlygyndan hünär saýlamaklaryna, şol hünäri kämilleşdirmeklerine giň şertler döredilýär. Hudaýberdi özüniň çagalygyna garamazdan, halkymyzyň asyrlyk taryhynyň nagşy bolan milli dutar saz guralyna uly hormat goýýar. Onuň dutarda saz çalmak, aýdym aýtmak höwesi bu günki Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň ilkinji günlerinde taryhy sahyplara mynasyp at goýmagyna sebäp boldy. Biz hem döredijilik toparymyz bilen buýsançly ýürekleriň owazyny saýt sahypalarynda şöhlelendirmegi makul bilip, körpeje Hudaýberdi bilen söhbetdeş bolduk.

Hudaýberdi, ilki bilen, döredijilik toparymyzyň adyndan alan baýragyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Söhbedimizi saýlan sungat ugruň barada başlaýaly!

― Men aýdym aýtmagy gowy görýärin. Estrada we dutarda saz çalyp aýdym ýerine ýetirýän. Men ilkinji aýdymymy mekdebe gatnap başlandan soň ýerine ýetirdim. Aýdym sapagyna şeýlebir howlukýan, sapak başlaram welin, ilkinjileriň hatarynda elimi galdyryp, öýe tabşyrylan işimi ýerine ýetirip berýän. 

— Ilkinji halypaň kim?

― Ilkinji halypam — mekdebimiziň aýdym-saz mugallymy Dünýägözel Gutlyýewa. Ol bize birnäçe aýdymlary aýtmagy öwredýär.

— Halaýan sungat eseriň haýsylar? 

― Halaýan sungat eserlerim: halk aýdymlary we dessanlar. Mugallymymyz Dünýägözel Gutlyýewa bize halk aýdymlaryndan, dessanlardan bölek ýerine ýetirip, olaryň ýerine ýetiriliş usullaryny, aýratynlyklaryny bize ürç edip öwredýär. Onuň ýerine ýetirýän eserleri mende has-da täsir galdyrýar. Düşünmedik ýerlerimi soramda bolsa halypam meniň soraglarymyň ählisine jogap berýär we düşündirýär.

— Hudaýberdi, aýdym-sazdan başga haýsy sapaklary gowy görýärsiň? 

― Men aýdym-saz sapagyndan daşary rus dili, taryh, bedenterbiýe sapaklaryny gowy görýärin. Bedenterbiýe sapagynda synpdaşlarymyz bilen sport zalynda köpçülikleýin sport görnüşlerini oýnamagy has-da gowy görýärin.

Hudaýberdiniň düşbüje zehini, onuň aýdym-saz älemi bilen gyzyklanmagy, özüniň çagalygyna garamazdan ýurdumyzda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmagy we baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ýurdumyzda ýaşlara berilýän ünsden we olara döredilýän mümkinçililerden habar berýär. Söhbetimiziň şu ýerinde biz Hudaýberdiniň ejesi Aýgül gelneje bilen hem söhbetdeş bolduk. Ol bize Hudaýberdiniň aýratyn häsiýetleri barada soranymyzda şeýle gürrüň berdi.

― Biz Hudaýberdiniň heniz 4 ýaşyndan aýdym-saza ýykgyn edýänini duýduk. Her bir ata-ene üçin perzendiniň başarjaň, asylly, hünärli bolmagy onuň ilknji pikirinde durýan zatlaryň biri. Her bir çagaň özboluşly aýratynlygy bar. Oglum Hudaýberdi maşgalada dördünji perzent, ol kiçiliginden erjel çaga. Telewizorda görýän bagşylaryna öýkünip aýdym aýdardy. Bir gezek eşideninden sözlerini ýatlap, ikilenç şol bagşy bilen goşulyp aýdym aýdardy. Şondan soň biz Hudaýberdiniň aýdym-saza bolan höwesiniň bardygyny, onuň esasanam halk aýdymlaryna bolan höwesiniň bardygyny bildik.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günleriniň taryhy senelerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy tarapyndan geçirilýän «Gulbaba» adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylmagy, olaryň hem içinde biziň hem perzendimiziň adynyň tutulmagy ene kalbymy has-da joşa getirdi. Şeýle bagtyň her bir ata-ena nesip etmegini hem arzuw edýärin.

Şaperi OTUZOWA,
žurnalist.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu