
Pekinde Týananmen meýdançasy, Parižde Eýfel diňi ýa-da Nýu-Ýorkdaky Azatlyk heýkeli ýaly dünýäniň her bir ýerinde şäher nyşany hökmünde meşhur binalar bardyr. Diňe bir Özbegistanda däl, Merkezi Aziýada gadymy siwilizasiýalaryň biri bolan Samarkant şäheriniň simwoly bolsa Registan meýdançasydyr.
Meýdançanyň orta asyrlarda gurlandygyna garamazdan, sebitiň gelip çykyşy VIII-XIX asyrlara degişlidir. Bu ýer hemişe Samarkand şäheriniň medeni we jemgyýetçilik merkezi bolupdyr. Mundan başga-da, bu ýer Mawerannahr we Horasanyň bilim merkezi bolupdyr. Samarkandyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşendigini hem-de meýdançanyň şol döwürde daşary ýurtly we ýerli täjirleriň duşuşýan, söwda edýän esasy ýeri bolandygyny hem aýratyn bellemeklik zerurdyr. Registan meýdanynda dürli döwürleriň arhitektura ýadygärliklerini synlap, ondan lezzet alyp bilersiňiz. Ýurda gelýän jahankeşdeler bu ýerde myhman bolup, özbek aýdym-sazlaryny janly sesde diňläp lezzet alýarlar.
Registan sebiti örän täsin bolup, Timurid we Şaýbanid gurluşyk bezegleri bilen pars täsirlerini özünde jemleýär. Meýdanyň öňünde Sowet döwründe gurlan ýaşaýyş jaýy, gapdalynda bolsa Garaşsyzlykdan soň gurlan dynç alyş seýilgähi bar. Biri-birine kybap gurlan şeýle binalaryň bir ýerde jemlenendigini görmek diýseň täsin we gyzykly.
Gadymy Samarkanda gezelenç edýänler Registan meýdançasynda gurlan üç medresäniň gözelligine haýran galýarlar. Mirzo Ulugbek döwründen bäri bu meýdança Samarkandyň ilatynyň Baş meýdançasy bolmagynda galýar. Gadymy döwürlerde Samarkandyň hökümdarlarynyň buýruklary bu ýerden halka ýetirilipdir. VIII-X asyrlarda häzirki Registan meýdanynyň ýerinde ilkinji binalar gurlup başlanypdyr. Çünki taryhdan hem mälim bolşy ýaly, Samarkandy basyp alan araplar birnäçe müň ýerli ýaşaýjyny Afrasiabdan Registana göçüripdi. Göçe-göçlükden soň, bu ýerde ussahanalar we dükanlar gurlupdyr. XI we XII asyrlarda häzirki Registan meýdançasy we onuň töweregindäki ýerler daşky gorag diwarlary bilen gurşalyp, «daşarky şäher» diýen ada eýe bolupdyr.
Registan meýdançasynyň binagärlik taslamasy Mirzo Ulugbegiň döwründe (1394-1449) başlanandyr. Samarkandy 40 ýyl (1409-1449) dolandyran beýik astrolog we alym Mirzo Ulugbek bu şäheri abadanlaşdyrmakda hiç zady gaýgyrmady. Mirzo Ulugbegiň karary bilen, Tuman Timiniň Günbatar tarapynda kaşaň medrese gurluşygy başlaýar. 1420-nji ýylda gurluşygy tamamlanan medrese berkligi we gözelligi bilen haýran galdyrypdyr. Medresäniň dört burçunda dört sany beýik minara gurlandyr. Medresäniň içki howlusynda adaty otaglar we synp otaglary hem gurlupdyr. Şeýle-de medresäniň içki we daşarky diwarlary reňkli daşlar bilen bezelendir. Medresäniň howlusynyň howuzyndaky suw diwarlardaky nagyşlara Gün şöhlesiniň düşmegi bilen ajaýyp şöhlelenýär. Mirzo Ulugbeg kaşaň medrese gurmakdan başga-da, Registanda ullakan köşk we ajaýyp kerwensaraý gurdurýar. Ony gurmak üçin bolsa köne binalary ýykýarlar.
Mirzo Ulugbeg kerwensaraýyň gapdalynda täze hammam gurdurýar. «Mirzo Hammamy» diýlip atlandyrylýan bu gurluş Timur döwrüniň arhitekturasynda aýratyn orny eýeläpdir. Babur Mirzonyň pikirine görä, bu ajaýyp hammam Mawerannahrda we Horasandaky ýeke-täk hammam eken. Häzirki Registan meýdançasynda Mirzo Şahruhyň mugallymy Alika Kokaltaş tarapyndan gurlan kaşaň metjit hem ýerleşýär. Mirzo Babur Samarkand hakynda ýazan işlerinde Ulugbeg tarapyndan Registan meýdançasynda gurlan «Muqatta» metjidi barada hem belläp geçýär. Metjit Ulugbeg medresesiniň Günorta tarapynda ýerleşýändir.
Şaýbanlylar hem Samarkandyň tagtyna geçenden soň şäheri abadanlaşdyrmakda uly işleri durmuşa geçiripdirler. Taryhçy Hafiz Taniş Buhari, Abdylla Hanyň 1581-nji we 1587-nji ýyllarda Samarkantda binagärlik ýadygärlikleriniň 2 gezek täzelenmegini buýrandygyny, munuň üçin bolsa köp pul sarp edilendigini ýazýar. XVII asyryň başynda Registan meýdany ullakan gurluşyk meýdançasyna öwrülýär. Samarkandyň gubernatory Ýalalangtoş Bahadur bu meýdançada 2 sany täze medrese gurdurýar.
Ulugbeg medresesiniň arka tarapynda ýerleşýän Şerdor medresesiniň gurluşyk işi 1619-njy ýylda başlanýar. Bu medresäniň taslamasyny döreden arhitektorlar ony köp ugurlar boýunça Ulugbeg medresesine meňzetjek bolupdyrlar. Hut şol sebäpli hem Şerdor medresesiniň pedimentiniň beýikligi, gök gümmezler we minaralar Ulugbeg medresesini ýada salýar. Ýöne muňa garamazdan, Şerdor medresesiniň bezegleri özboluşlydyr. Mundan başga-da, ýüzüni Güne tutup duran adamy arkasyna göterýän gaplaňyň, bökjekläp barýan keýijekleriň şekiljikleri Şerdor medresesiniň daşky keşbiniň gözelligine gözellik goşýar. Ony guran ussat binagär Abdul Jabbaryň we binagärlik bezeglerini döreden ussat senetçi Muhammet Abbasyň atlary Şerdor medresesiniň diwarlarynda hemişelik ýazylandyr. Medresäniň diwarlarynda Samarkandyň gubernatory bolan Ýalalangtoşbi Bahaduryň adynda ýazylan gimn häzirki döwre çenli saklanyp galypdyr. Gurlan wagty bu medresä «Ýalalangtoşbiniň uly medresi» diýilipdir. Emma bu at halk arasynda we resminamalarda giňden ulanylmandyr. Hat-da, soňraky döwürde oňa «Şerdor» diýlip at berlendigini aýtsak hem ýalňyşmarys.
Registan meýdançasynda gurlan üçünji medrese Tillakori medresesi bolup, bu medresäni hem Ýalalangtoş Bahadur gurdurypdyr. Taryhy çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, medresäniň gurluşygy 17 ýyllap dowam edipdir. Tillakori medresesiniň çadyry Ulugbeg we Şerdor medreseleri ýaly berkligi we gözelligi bilen tapawutlanýar. XVII asyrda Amir Temur Jami metjidi haraba öwrülýär we Registandaky Alika Kokaldosh metjidi düýbünden weýran bolýar. Şonuň üçin Samarkandyň ýaşaýjylary täze metjidiň zerurlygyny duýýar. Şeýle zerurlygyň wajypdygyna düşünen Bahadur täze kaşaň metjit gurdurmak barada karara gelýär. Binagärler hökümdaryň niýetine gowy düşünip, ony taslama geçirmäge girişýärler. Medresäniň howlusy bu ýerde namaz okamak üçin gelenlere amatly bolar ýaly edip gurlupdyr. Metjidi we medreseleri bezemek üçin köp altyn ulanylypdyr. Şonuň üçin hem bu metjidiň diwarlary Gün şöhlesiniň düşmegi bilen ýalpyldaýar. Gurluşyk döwründe bu medrese «Ýalalangtoşbiniň kiçijik medresi» diýlip atlandyrylyp, soňra bolsa «Tillakori» diýen ada eýe bolýar. Tillakori metjidi-medresesiniň diwarlaryndaky mozaika panelleri hem özboluşlydyr. Registan meýdanynda ýerleşýän bu üç ajaýyp medresede asyrlaryň dowamynda ýüzlerçe talyp ylym-bilim alypdyr.
Bu günki gün Registan meýdançasy Özbegistanda geçirilýän möhüm medeni çäreleriň Baş meýdançasyna öwrüldi. Ýeri gelende, 2001-nji ýylda bu üç medresäniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini hem aýtmak bolar.
Adkhamjon JANOBIDDINOW.
Suratlar Milli PR Merkezi tarapyndan düşürilen.