Özüniň täsin yrymdyr däpleri bilen hemişe gyzyklandyryp gelýän Nowruz baýramy türki halklaryň içinde ýörgünli bolan iň gadymy baýramlaryň biri hasap edilýär.
Ähli türki halklarynda bolşy ýaly, biziň halkymyzda hem Nowruz baýramynyň şanyna bezelen saçakda ösümliklerden taýýarlanýan naharlary goýmaklyga aýratyn üns berilýär. Nowruz baýramynyň saçagynda ýedi dürli: bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýba ýaly ösümliklerden taýýarlanan tagamlary goýmak hökmany hasap edilýär. Şeýle tagamlaryň hataryna semeni, ýarma, unaş, köje, meşeke, süýtlaş ýaly tagamlar hem girýär. Nowruz baýramynda tagam datmagy bir owurt süýt içmek bilen başlamak hem ýagşy yrymdyr.
Taryhy bäş müň ýyla uzaýan bu ajaýyp baýram 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda öz halkynyň milli gymmatlyklaryna, baý medeni mirasyna çuňňur hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
2010-njy ýylyň fewral aýynda geçen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bolsa Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Owganystan, Eýran, Täjigistan ýaly doganlyk döwletleriň hormatly Prezidentimiziň başlangyjyny goldamagy bilen, her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip, yglan etmeklik barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Şeýlelikde, Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýram hökmünde taryha girdi.
Ogulsuraý GARAŞOWA,
TOHI-niň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.