Habarlar

Messi «The Best» baýragyna mynasyp görüldi

01-03-2023 / 16

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA)  tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysyne gowşurylýan «The Best» baýragyna Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi mynasyp boldy. Oňa bu baýragyny FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino gowşurdy.

Katardaky dünýä çempionatynda çempion bolmagy başaran Messi bu baýragy gazanmak üçin fransuz futbolçylary Mbappeden we Benzemadan öňe saýlandy. Messi karýerasynda ilkinji gezek 2019-njy ýylda bu baýraga mynasyp bolupdy.

Messi bu baýragy gazanmak üçin jemi 52 utuk jemledi. «The Best» baýragynyň eýesi Lionel Messi baýrak gowurylyş dabarasynda eden çykyşynda bu baýragy gazanmak özi üçin uly bagt we abraýdygyny belledi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu