SliderŽurnalistiň sahypasy

Ady älemde dessan

28-02-2023 / 15

Görogly diýilse, Ýewraziýa yklymynyň halklarynyň aglabasynyň göz öňünde watanperwerligi bilen ady äleme meşhur bolan edermen, gaýduwsyz, ugurtapyjy we ynsanperwer gerçegiň edebi keşbi janlanýar. 2015-nji ýylda «Görogly dessançylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni miraslarynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. 

Görogly Aziýada we Ýewropada ýaşaýan türki kowumly halklaryň ýigrimiden gowragyna mahsus bolan milli mirasdyr. Şu babatda bir ajaýyp pikiri nygtamak ýerlikli bolsa gerek. Rus tankytçysy W.G.Belinskiniň her bir halkyň milli gahrymançylykly eposynyň şol halkyň millet hökmünde özüni duýup başlan döwürlerinde emele gelýändigi barasyndaky pikiri örän jaýdar aýdylan hakykatdyr. Islendik taryhy eserler, taryhy sýužetleriň beýan edilmeleri taryhy, etnografik, lingwistik barlaglary talap edýär. «Görogly» eposynyň döreýiş taryhy milady hasaby boýunça biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllyklara degişlidigini eposy öwrenijileriň aglabasy tassyklaýar. «Görogly» ilki mifler görnüşinde döräp, onda türkmen halkynyň gadymy ata-babalarynyň dünýägaraýşynyň göçme manysynda simwollaşdyrylyp, gyzykly, çeper we durmuşy äheňde beýan edilen görnüşidir.

Diňe bir türkmenleriň «Görogly» eposy däl, eýsem azerbaýjan, özbek, täjik, türk, gruzin, ermeni, kürt ýaly ençeme halklara degişli bolan nusgalarynyň ählisinde diýen ýaly baş gahryman Göroglynyň türkmenlerden bolmagy eposyň ähli nusgalarynyň başlangyjynyň birdigini alamatlandyrmak bilen, ol Görogly hakdaky hekaýalar ilkibaşda türkmenleriň arasynda şineläp başlandyr diýmäge esas berýär.

«Göroglynyň» gaty köp halklaryň maddy däl medeni mirasy hasaplanmagynyň aňyrsynda-da türkmen halkynyň taryhy gelip çykyş etomilogiýasynyň kökleriniň has çuňluklara çümýändigi hem-de olaryň dolandyran döwletleriniň gerimleriniň giň bolandygy bilen düşündirmek bolar.

Enemjan IŞANGULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu