
Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan bize Türkmenistanyň ýene-de bir möhüm başlangyjynyň kabul edilendigi baradaky şatlykly habar gelip gowuşdy.
2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Nýu-Ýork şäherinde bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň, biziň alyp barýan daşary syýasat ugrumyzyň netijelidiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetiniň hem-de möhümdiginiň tassyklanmagydyr.
«TürkmenGazet».



