Başarsaň, alym bol! Bolmanda, ylymlylary diňleýän, alymlara hormat goýýan ynsan bol!
***
Ýer ýüzi bir deşti sähra bolsa, gülzary ylymdyr.
***
Bilim almak we okamak beýiklikdir. Bu düşünjä uýýan ynsanlar hem beýikdir. Kim bilim öwrenýän bolsa, ol barha beýige galýandyr.
***
Akyly bar okar, bilimi bar biler, bilimi we akyly bar ynsan maksadyna ýeter.
***
Eger ynsan ylmyň nury bilen öz ýoluny ýagtyltmasa, tümlüge gaplanan köçede galar. Ynsan kalbynyň nury ylym we medeniýet bilen kuwwatlanýar. Adamzat nesliniň gymmaty onuň ylmy bilen ölçenýär. Ylymly bolmak hem bir sungatdyr.
***
Nirede ylma üns berilýän bolsa, şol ýer bagt mesgenidir.
***
Az-azdan öwrenen dana bolar,
Suw damja-damja damyp, derýa bolar.
***
Bilim bagta barýan iň ýakyn ýoldur. Şoňa görä, bilimli bolup, bagt ýoluny yzla!
***
Bilimiň miwesi gaýtalamagyň netijesinde has-da süýjeýär.
***
Ynsan üçin kitapdan gymmatly närse, ondan ýakymly söhbetdeş ýokdur.
Toplan: Muhammet BAÝKABULOW,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.