SliderSyýahatçylyk

Bahreýn syýahatçylary haýrana galdyrýar

27-02-2023 / 11

Bahreýniň paýtagty taryhy we binagärlik ýadygärliklerine diýseň baýdyr. Şäheriň iň ajaýyp ýerleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen XVI asyryň Portugaliýa galasy we Al-Fateh metjidi we gadymy döwürleriň we halklaryň beýleki ajaýyp binalarydyr.

Şäheriň çäginde diňe bir medeni merkezler ýerleşmän, eýsem, dynç alyş we söwda merkezleri bardyr. Merkezde ýerleşýän aşhanalaryň aglaba bölegi öz müşderileri üçin dünýä ýurtlaryndan dürli tagamlary hödürleýärler. Şäher meşhur bolandygy üçin Manamadaky myhmanhanalary öňünden bron etmek has gowudyr. Dynç alyş döwrüni işjeň geçirmegi makul bilýän syýahatçylar suw sportynyň birnäçe görnüşlerinden hem-de ýahtada gezelenç etmek mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp bilýärler.

Şäher baradaky ilkinji ýazgylar XIV asyra degişlidir. XVI asyryň ortalarynda portugallar Manamany, XVII asyryň başynda parslary basyp aldy. XVIII asyryň ahyrynda Al-Halifa dinastiýasyna güýçli garşylyk görkezildi. Şäher 1958-nji ýylda erkin port adyny aldy we 1971-nji ýylda Manama ýurduň paýtagty boldy. Şondan bäri hem bu ýer dünýä ilatynyň dürli gatlaklarynyň ünsüni özüne çekmegini dowam edýär.

Manamanyň iň özüne çekiji ýerlerinden biri-de Faýsal şaýoly bilen Muharraq Kazweýiň çatrygynda ýerleşýän we Pars aýlagynyň iň baý muzeýlerinden biri bolan Bahreýn Milli muzeýidir. Ýurduň taryhy döwürlerini öz içine alýan ajaýyp taryhy ýadygärlikler bu muzeýde öz ornuny tapýar. Mundan başga-da bu ýerde häzirki zaman suratkeşleriniň sungat eserlerini, keramika we heýkeltaraşlyk ýygyndylaryny, Dilmun siwilizasiýasy döwründe gadymy adamlaryň durmuşyny suratlandyrýan Diorami, şeýle hem ähli mazmuny bilen dikeldilen depe mazaryny görüp bilersiňiz.

Muzeýiň käbir otaglary kalligrafiýa we arapça, mukaddes Gurhan  kitabyna we beýleki dini resminamalara bagyşlanýar. Bahreýniň ajaýyp binasynyň gapdalynda şähere gelýän jahankeşdelere hyzmat edýän köp gaýyk bar. Şeýle-de, açyk asmanyň astynda ýerleşýän binalary görkezýän sergi meýdançasy görenleri özüne haýrana galdyrýar .

Maksat ASTANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu