Göwün küýsegi

Mukaddes söz

(oýlanma)

27-02-2023 / 19

Ene hakda söz açylsa, onuň mertebesini, mähribanlygyny wasp edere söz azlyk edýär. Zehin-ylham ejiz gelýär. Sebäbi ol – iň mähriban ynsan. Olar hakda ýazylan goşgudyr eseler şeýle bir kän. Pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp sözler enäniň gymmatyna has çuňňur  düşünmäge kömek edýär. Ene zeminde görki iň zynatly, sözi örän datly, ýüregi hemmeden hamrak bir mukaddeslikdir. Şonuň üçin hem ,,ene” sözi aýtmasy iň aňsat we ýürege iň ýakymly sözdür.

Enäniň söýgüsi, terbiýesi – iň uly güýç. Tebigat üçin Günüň ýyly çogy nähili ähmiýetli we zerur bolsa, perzentler üçin hem ene mähri şeýle gymmatdyr. Enäniň alkyşy  ýollaryňy açýan  we ýagtyldýan nurdur. Dünýäniň niresinde hem-de ömrüň haýsy menzilinde bolsaň hem, ýanyňda, aňyňda enäniň ýakymly sözi ruhy goldaw berýär. Olaryň pendi-ündewi biziň ruhy dünýämize asudalyk çaýýar. Gahryman Arkadagymyz: “Eneler – ýaşaýşyň  gözbaşy, durmuşyň mukaddesligi, olar ynsan köňlüniň deňsiz-taýsyz göwher täji” diýip belleýär.

Durmuşyňda “Iň gowy görýän zat hakda ýazyň” diýseler, diňe ene hakda ýazardym. “Iň mähriban adam hakda aýdym aýt” diýseler, ilki bilen, enä bagyşlanan aýdymlary aýdardym. Enemiziň aýdan her bir sözi, mähirli ýylgyryşy ömrümize ömür berýär. Enäniň her bir sözi asylly işe ruhlandyrýar. Durmuşyň manysy eneleriň mähribanlygyndadyr, mylaýym ýylgyryşyndadyr, mähirli we hoşamaý sözlerindedir. Çünki ene keramat hem-de gözelligiň nusgasydyr.

Senemgül ALLAKOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu