
2023-nji ýylyň 1-nji martyndan ýurdumyzda ilata berilýän Internet hyzmatlaryň tizligi ýokarlandyrylar we şol bir wagtda onuň nyrhlary arzanladylar, ýokary tizlikli täze nyrhnamalar giriziler. Bu barada «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ habar berýär.
Täze girizilen nyhnamalara laýyklykda hyzmatyň 1 aýlyk bahasy:
- Tizligi 1 Mb/s Internet hyzmaty üçin – 150 manat;
- Tizligi 2 Mb/s Internet hyzmaty üçin – 180 manat;
- Tizligi 4 Mb/s Internet hyzmaty üçin – 230 manat;
- Tizligi 6 Mb/s Internet hyzmaty üçin – 280 manat.
Öň tizligi 512 Kb/s Internet hyzmatyndan peýdalanýan we aýda 150 manat töleýän müşderiler awtomatik usulda, nyrhyny (150m) üýtgetmezden 1 Mb/s tizlikli Internet hyzmatyna geçirilýär. Şeýle hem, 1 Mb/s iň pes tizlikli Internet hyzmaty bolup durýar.
Öň aýyna 200 manat töleýän we 2 Mb/s tizlikli Internetden peýdalanyp gelen müşderileriň nyrhnamasy awtomatik usulda, şol bir tizlik bilen aýda 180 manat nyrhnama geçirilýär. Egerde müşderi mart we ondan soňky aýlary üçin öňki nyrhnama boýunça 200 manat tölän bolsa, onda billing ulgamy müşderiniň hasabyny 180 manatlyk nyrhnama geçirýär we galan pul serişdelerini hakujy hasabynda saklaýar.
Häzirki wagtda täze nyrhnamaly tizliklere geçmek islegleri barada müşderilerden degişli ýüzlenme arzalary kabul edilip başlandy.
«TürkmenGazet».