
Grek çeşmelerinde «Margiana», gadymy pars ýazgylarynda «Marguş», «Awesta» kitabynda bolsa «Mouru», orta asyrlarda «Horasan şäherleriniň enesi» ady bilen tanalýan Merw dünýä alymlarynyň ykrar etmekleri boýunça dünýäniň gadymy medeniýet ojaklarynyň biri hasaplanyar.
Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biri bolan Merw Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşip, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm duralgasy bolup hyzmat edipdir. Uzak taryhy döwürleriň dowamynda sebitiň paýtagty bolan bu örän uly şäheriň 2500 ýyllyk taryhy bar. Dünýäniň köp ýurtlaryna syýahat eden IX asyryň meşhur arap taryhçysy we geografy al-Ýakub «Kitap al-Buldan» («Ýurtlar hakynda kitap») atly işinde Merwiň Horasanda iň meşhur şäherdigi barada ýazýar.
Şäheriň gülläp-ösen döwri XI-XII asyrlara degişlidir. Erkgala, Gäwürgala, Soltangala, Abdyllahangala ýaly galalaryň hersiniň arkasynda hanlaryň köp asyrlyk şöhratly taryhy ýatyr. Häzirki döwürde ol ýerler dünýäniň arheologlary üçin hakyky hazynadyr. 1999-njy ýylda bahasyna ýetip bolmajak bu ýadygärlikler toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna goşuldy.
Merw käwagtlar uly imperiýalaryň paýtagty, käwagtlar söwda, harby we administratiw merkez bolupdyr. B. e. öňki VI asyrda Ahamenidler Imperiýasy uzak aralyklar bilen söwdanyň ösmegine ýardam edipdir. Merwi we onuň daş-töweregini öz içine alýan Murgap oazisi Türkmenistanda iň irki ilatlaşan ýerleriň biri. Bu ýerdäki bürünç asyrynyň ýaşaýyş ýerleri merkezi Aziýadaky siwilizasiýanyň iň irki subutnamalarynyň hatarynda. Ondan soňky döwürlerde, Merw ägirt imperiýanyň paýtagty bolup hyzmat edýär we Seljuklar döwründe dünýädäki iň uly şäherleriň hataryna goşulýar. Arheologiki taýdan Merw dünýäniň iň uly we iň gymmatly ýadygärlikleriniň biri hasaplanýar.
X asyryň meşhur «Hudud ul-Älem» («Dünýäniň serhetleri») kitabynda Merwiň iri şäherdigi we gadymy döwürlerde Horasan hökümdarynyň köşgi bolandygy barada habar berilýär. Merwiň meşhur kitaphanalary hem dünýä alymlaryny özüne çekipdir. IX asyryň aýaklarynda we X asyryň başlarynda halyf Harun ar-Reşidiň özi dünýäde seýrek duş gelýän kitaplary okamak üçin Merwe birnäçe gezek gelipdir. Merwiň orta asyrlar döwrüniň kitaphanalary ylmyň-bilmiň ösmegine uly itergi beren ylmy ojaklar bolupdyrlar. Şol bir wagtyň özünde olar türkmen ylmynyň, medeniýetiniň we sungatynyň hem naýbaşy sahypalaryny emele getirýärler.
Güljan ALLABERDIÝEWA,
Saýat etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzasy.