SliderŽurnalistiň sahypasy

TÜRKMENISTAN — BAHREÝN: hyzmatdaşlykda täze tapgyr

27-02-2023 / 6

2023-nji ýylyň 21-22-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran resmi sapary iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan dost-doganlyk we ruhy taýdan ýakynlyk gatnaşyklaryna esaslanýan, umumy abadançylygyň bähbidine giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açdy.

Türkmenistan we Bahreýn dostlukly esasda hem-de köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýär. Bahreýn Patyşalygy Türkmenistanyň Prezidentiniň oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň saparlary we ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy orun eýeleýär. Bahreýne ýokary derejedäki sapar 2011-nji ýylyň 9-10-njy fewralynda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyryldy. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa bilen ikiçäk hem-de iki döwletiň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň netijesinde hökümetara resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Bahreýniň köp sanly işewürleriniň ýurdumyza gelmegi hem-de türkmen döwleti bilen hyzmatdaşlyk etmäge bildirýän ýokary gyzyklanmasy ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanýan okgunly ykdysady ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Döwletiň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň 2019-njy ýylyň 17 — 19-njy martynda ýurdumyza bolan saparynyň türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolandygyny bellemek gerek.

Iki dostlukly döwletiň arasynda ykdysadyýet, söwda, energetika, azyk ulgamy, maýa goýumlar, medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk we beýleki ulgamlar boýunça hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen birlikde-de, ylym-bilim babatdaky hyzmatdaşlyk hem möhüm ugurlaryň biridigine galýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Mohammed bin Mubarak Al Halifa adyndaky Diplomatik bilimler akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi iki ýurduň arasynda halkara gatnaşyklar ugrundan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda tejribe alyşmagyň hukuk binýadyny goýdy.

Ogulgurban ÇARYGULYÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu