Siziň üçin...Slider

Ýer-ýurt atlarynyň täsin manylaryny öwreneliň!

27-02-2023 / 17

Tailand — bu ýurda ýewropalylaryň dakan ady. Ol «Taileriň ýurdy» diýmegi aňladýar. «Tai» sözi bolsa «erkin, azat» diýen manylary berýändir.

Bahreýniň adynyň «iki deňiz» diýen manysy bar.

Indoneziýanyň ady «adalar Hindistany» diýen goşma sözden gelip çykandygyny bilýärdiňizmi?

Lýuksemburgyň ady nemes dilindäki «kiçi şäher» diýmegi aňladýan «Iuňilinburňh» sözünden gelip çykandyr.

«Kanada» sözi ilkinji gezek 1535-nji ýylda fransuz ýüzüjisi Jak Kartýe tarapyndan ulanylypdyr. Häzirki Kwebek şäheriniň golaýyndaky Stadakon atly obanyň ilaty öz taýpalaryna degişli ýerleri şeýle atlandyrýan ekenler. Soňlugy bilen fransuzlar özleriniň Keramatly Lawrentiý derýasynyň ugrundaky mülklerini atlandyrmak üçin bu adalgany ulanyp ugrapdyrlar.

Braziliýanyň ady bu ýurtda bitýän gymmatbahaly gyzyl agajyň portugal dilindäki adyndan gelip çykýar.

Italiýanyň ady has köp ýaýran pikire görä, «Gökleriň ýurdy» diýen manyny berýär.

Awstriýanyň ady gadymy «österreiñh» diýen nemes sözünden gelip çykyp, «Gündogar ýurdy» diýmegi aňladýar.

Sudanyň ady araplaryň «Bilad assudan», ýagny «Garaýagyzlaryň ýurdy» diýen sözünden döräpdir.

Ýemen arap dilinden «Sag tarap» ýa-da «Bagt», «Abadançylyk» diýlip terjime edilýär.

Hytaýlylar öz ýurtlaryny Çžungo diýip atlandyrýarlar. Çžungo «Ortadaky döwlet» manysyny berýär. Hytaýyň ady ýurduň demirgazygynda ýaşan kidan taýpasynyň adyndan galandyr diýlip çak edilýär.

Norwegiýanyň gadymy skandinaw dilindäki ady «Norýegr», ýagny «Demirgazyga tarap ýol» diýmegi aňladýar.

Ogulnar ORAZMYRADOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu