
Biler bolsaňyz, Hindistanyň Rajastan ştatyndaky basgançakly guýy gadymy arhitektura ýadygärligi hasaplanylýar. Ol bu ýerde şalyk süren Çahaman nebereleri tarapyndan, takmynan, IX — XI asyrlarda gurulandyr.
Käbir maglumatlara görä, guýynyň bu ýerleriň guraklygy sebäpli suw ýygnamak üçin gurlandygy hem aýdylýar. 30 metr çuňlukda ýerleşýän dörtburç görnüşdäki guýy başaşak piramidany ýadyňa salýar. Oňa üç tarapdan kert basgançaklar arkaly girip bolýar. Basgançaklaryň gurluşy hem deňölçeglidir. Bu ýerde basgançaklaryň 3500 sanysy bar. Ilat arasynda bu guýy barada dürli-dürli rowaýatlar hem saklanyp galypdyr.
Ol ýerde diňe bir guýy bolman, dürli maksatly binalar hem bardyr. Ýerli ilatyň arasynda şatlygyň hem bagtyň hudaýy hasaplanylýan Harşat Mateniň ybadathanasy hem-de birnäçe heýkeller ýerleşýär.
Kakajan KAKAJANOW,
TOHI-niň gidromeliorasiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.