
Biziň her birimiz öz işlerimize döredijilikli çemeleşmeli. Döwrüň, durmuşyň günsaýyn däl-de, demsaýyn özgerip, ösýän wagtynda şol bir durkuňy saklamak, öwrenilen ýa-da özleşdirilen şol bir usul bilen kanagat etmek ylym ýoluna düşen talybyň kämilleşmegine eltmeýär.
Döwrümizde bar bolan mümkinçiliklere esaslanyp, öwrenmegiň has täsirli, oňaýly ýollaryny tapmak, okuw derslerini tiz özleşdirmek üçin ussat mugallymlardan ýol salgy soramak talybyň esasy borçlarynyň biridir. Çünki çekýän zähmetimiziň netijesi, ekýän daragtymyzyň miwesi biziň haýsy ýolda nähili ýöreýändigimize hem bagly bolýar. Talyplaryň sapak özleşdirişi dürli-dürli. Käbir talyplar her bir aýdylan, öwredilen zady dessine kabul edýärler. Käbirleri munuň üçin şol dersi gaýta-gaýta okamaly bolýar. Saýlap alan hünärimize wepaly bolmak, Berkarar döwletimiziň bize bildirýän ynamyny ödemek üçin, öwrenmegiň täze usullaryň gözleginde bolmak hem gyzykly, hem ähmiýetli. Özüňi ylym-bilim we durmuş ýolunda barha kämilleşdirmek dogrusynda ylmy kitaplardan, halypa mugallymlardan we gündelik okuw tejribesinden toplan belliklerim, ýazgylarym okuwlaryma has yhlasly ýapyşmagyma itergi berýär:
Ilki bilen talyp özünden talabediji bolmaly. Talapkärlik – işiň netijesi bilen bagly. Esasy maksat – gowy netije gazanmak. Munuň üçin mümkin bolan ähli oňyn usullary ulanmaly.
Özleşdirýän dersimize giňişleýin düşünmäge çalyşmaly. Düşünmek ýat tutmakdan has netijelidir. Çünki adam manysyna doly düşünmän ýat tutan zadyny tiz wagtdan unudýar, emma düşünip, özleşdiren zady hemişe ýadynda galýar.
Hemişe täze açyşlary etmekligiň höwesinde gezmeli. Köp okamaly we okap-öwrenen zadymyzy durmuş ýüzünde amal etmäge çalyşmaly. Döredijilikli pikirleniş ukybyny ösdürmäge ymtylmaly. Öz saýlap alan hünärimiz babatda hem hemişe täze-täze açyşlaryň gözleginde, hyýalynda bolmaly, jemgyýetiň ösüşi üçin bu zatlaryň zerurdygyna düşünmeli.
Ylym-bilim we gylyk-häsiýet babatda öz üstümizdede işlemekligi we kämilleşmekligi ünsden düşürmeli däl. Öňümizde anyk we aýdyň maksat goýmagy öwrenmeli. Beýik maksatlara pugta eýermek her bir talyba borçdur, çünki maksat beýik boldugyça, adamyň özi beýgelýär. Raýatyň beýgelmegi bilen Watan beýgelýär.
Kämillige çäk ýok. Biziň her bir görýän we eşidýän wakalarymyz, okaýan we öwrenýän zatlarymyz öňküden-de has gowy derejelere ýetmegimize ýol açýar.
Selbi GULMYRADOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



