Siziň üçin...Slider

Beýik Britaniýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleri

25-02-2023 / 23

Häzirki wagtda durmuşda mynasyp orna eýe bolmak  üçin  ýokary bilimiň orny  diýseň uly. Gowy bilim almak geljekki durmuşymyzyň röwşenligidir. Dünýäniň 180-den gowrak döwletinde 24 müňe golaý ýokary okuw mekdepleri hereket edýär. Geliň, ylmyň we tehnologiýanyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan Beýik Britaniýanyň  iň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen tanyş bolalyň!

Kembrij uniwersiteti

Beýik Britaniýanyň hem-de dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan Kembrij uniwersiteti 1209-njy ýylda esaslandyrylýar. Bu ýokary okuw mekdebi Angliýanyň Kembrijşir graflygynda ýerleşýär. Uniwersitetiň düzüminde 31 sany kollej, 15 kafedra, birnäçe fakultetler, ýöriteleşdirilen mekdep we institutlar  bar. Bu ýerde 28 sany ugur boýunça okuw işleri guralýar. Häzirki wagtda uniwersitetde  18 448 sany talyp bilim alýar. Uniwersitetiň talyplarynyň şeýle şygary bar: «Biz bu ýerde gymmatly medeniýet we bahasyz bilim öwrenýäris».

Oksford uniwersiteti

Bu uniwersitet, takmynan, 1906-njy ýylda esaslandyrylýar. Uniwersitet Angliýanyň günortasyndaky Oksford şäherinde ýerleşýär. Uniwersitetiň düzüminde 38 sany kollej, 100-den gowrak kafedra, fakultetler we ylmy institutlar bar. Bu  ýerde 100-den gowrak ugur boýunça okuw işleri guralýar. Uniwersitetde 22 116 sany talyp  bilim alýar we olar «Ynanjym – meniň ösüşim» diýen şygara eýerýärler.

London kollej uniwersiteti

Halkara uniwersitetleriň reýtingine görä, London kollej uniwersiteti dünýäniň iň abraýly 10 sany ýokary okuw mekdebiniň hatarynda orun alýar. Ol 1826-njy ýylda döredilýär. Uniwersitet Londonyň Blumsberi  etrabynda ýerleşýär. London kollej uniwersitetiniň düzüminde 11 fakultet, 100-den gowrak kafedra we birnäçe ylmy- barlag institutlary bar. London kollej uniwersitetinde 38 müň talyp bilim alýar. Uniwersitetiň «Zähmeti üçin mynasyp baýraga ýetmek isleýänleriň ählisi gelsin!» diýen ajaýyp şygary bar.

London imperial kolleji

Ýlym we tehnika, inženerlik we biznes ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlaýan London imperial kolleji 1907-nji ýylda döredilýär. Ol merkezi Londonyň Kensington etrabynda ýerleşýär. Beýik Britaniýanyň «Quasquarelli Symonds» kompaniýasynyň  2014-2015-nji okuw ýyllary boýunça dünýä uniwersitetleriniň reýtinginde London imperial kolleji 2-nji orny eýelemegi başardy. Uniwersitetde 4 sany esasy fakultet  we  40-dan gowrak kafedralar, barlag institutlary bar. Häzirki wagtda bu uniwersitetde  dünýäniň 125 döwletinden 14 700-den gowrak talyp bilim alýar. Olaryň  şygary «Bilim – bezeg we imperiýanyň goragy».

Edinburg uniwersiteti

Ol Şotlandiýanyň iň gadymy ylym ojaklarynyň biri bolup, 1583-nji  ýylda esaslandyrylýar. Gadymy binalaryň we ýadygärlikleriň birnäçesine eýe bolan uniwersitet ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň  sanawyna girizilendir. Ýokary okuw mekdebi Şotlandiýanyň paýtagty Edinburgda ýerleşýär. Bu ýerde Çarlz Darwin, Graham Bel, Artur Konan Doýl  ýaly meşhur şahsyýetler bilim alypdyr. Onuň düzüminde 8 fakultet, 3 kollej, 70-den gowrak institut we kafedralar, ylym ojaklary  we 22 sany mekdep bar. 

Edinburg uniwersitetinde 32 müňden gowrak talyp bilim alýar. Olaryň «Bilimiň bolmasa, bary biderek»  diýen şygary bar.

Eziz EMINOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu