
Adaty bolmadyk bu restoran Tailandyň şypahana merkezinde gurulypdyr. Ol tiz wagtyň içinde syýahatçylaryň arasynda uly meşhurlyk gazanypdyr.
Restoran uly agaçda, 5 metr belentlikde ýerleşip, daş töweregiň gözelligini synlamak mümkinçiligini döredýär. Berk agaç çybyklaryndan örülen uly sebet dört adam üçin niýetlenendir. Restoran naharlanmak üçin zerur zatlar, howpsuzlyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Aşakda adamlar sebediň içinde ýerleşýärler, soňra ol mehanizmiň kömegi bilen baryp durmaly ýerinde durýar. Ýokardan seredilende, bir tarapy deňiz, beýleki tarapy tokaý bilen gurşalan gözellik ýaýylyp gidýär.
Bu ýerde ýokary hilli hyzmat ýola goýulýar: milli hem häzirki zaman naharlary hödürlenilýär, olary taýýarlamak üçin önümler merkeziň bagbakjalarynda ýetişdirilýär, hyzmat edýänler buýurmalary agaçlara berkidilen urganly ýollar arkaly getirýärler.
Tagamlaryň käbiriniň atlary hem tokaý we dynç alyş bilen baglanyşyklydyr.
Ihlas REÝIMOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylyk hünäriniň hünäriniň 2-nji ýyl talyby.