Türkmenistanda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyga taýýarlyk işleri dowam edýär.
Ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň arasynda görnükli şahyryň döredijilik mirasyna bolan gyzyklanma barha artýar. Şeýle hem dünýä boýunça edebiýatyň muşdaklarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bolan gyzyklanma asla peselmäýär.
Magtymgulynyň daşary ýurt dilleriniň onlarçasyna terjime edilen eserleri şahyryň Watanynda we onuň çäginden daşarda hem öwrenilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagy beýik söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň güwäsidir.
«Altyn asyr» elektron gazetinde habar berlişi ýaly, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasy we Nyzami Genjewi adyndaky edebiýat instituty bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirdi. Maslahatyň esasy temasy türkmen şahyrynyň dünýä edebiýatyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandy hakynda boldy.
Ýakynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinide geçirilen maslahatda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi maslahatyň esasy temasy boldy. Maslahata gatnaşyjylaryň – terbiýeçileriň, ýaş ýazyjylaryň we şahyrlaryň Magtymgulynyň köptaraplaýyn eserlerinde watançylyk, doganlyk, haýyr-sahawat meselesine ünsi çekildi.
Selbi HOJALYÝEWA.
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.