
Fewral aýynyň ilkinji ongünlüginde Frankfurtda (Germaniýa) “Creativeworld-2023” halkara sergisi üstünlikli geçdi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň – Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň wekilleri gatnaşdylar.
Serginiň temasy suratkeşleriň ýa-da zehinli hünärmenleriň güýmenje hökmünde döreden işleridir, özi-de her iş edara jaýlarynyň, şeýle hem ýaşaýyş öýüniň içini bezemek ýa-da häzirki zaman geýim nusgalaryna kybap gelmek ýaly amaly häsiýetli bolmalydy. Onda awtoryň bilim boýunça suratkeş bolmagy hökman däl-de, esasy zat – çeper zat döretmek bolmaly.

Sergide ýurdumyzdan Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Täjigul Gurbanowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy Jeren Gurbanowa we telekeçi Şasenem Garlyýewa elde ýasalan işlerini görkezdiler.
Sergä gatnaşanlar ýurdumyza gaýdyp gelenlerinden soň, Aşgabatdaky Fransiýa institutynda «Creativeworld-2023» sergisi bilen tanyşdyrylyş boldy, oňa «Sungat bazarlaryna» we «Ussatlar ýarmarkalaryna» işjeň gatnaşýan senetçiler – Frankfurt şäherinde görkezilen önümleriň eýeleri gatnaşdylar.
Gurbandurdy BERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.



