Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda ýerleşýän Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikleri 2005-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda ÝUNESKO-nyň bütin dünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen, müňýyllyklyklaryň şaýady bolan arheologiýa we arhitektura ýadygärliklerini dünýäniň taryhçylarynyň we alymlarynyň anyk öwrenmeklige we syýahat etmeklige uly mümkinçilik berdi.
Köneürgenç şäheri irki döwürlerden başlap şäher derejesine ýeten hem bolsa, Köneürgenç türkmen döwletiniň paýtagty bolan döwürlerinde has ösen syýasy, ylym-bilim, söwda, şäher gurluşyk, içerki we daşary gatnaşyk ýaly ulgamlarda merkezi şähere öwrülendigi baradaky maglumatlara köp gabat gelmek bolýar.
Şu jähetden uly halkara syýahatçylygyna uly orun berilýär. Ýewropadan, ABŞ-dan, Aziýa döwletlerinden syýahatçylary we jahankeşdeler elmydama Türkmenistan diýarymyzda ýerleşen dürli gadymy taryhy-medeni hem-de gözel tebigy ýadygärlikleri zyýarat edýärler.
Türkmenistana gelýän daşary ýurt syýahatçylar Köneürgenjiň taryhy-medeni goraghanasyna uly höwes bilen zyýarat edýärler. Bu mukaddes ýerlerde XII-XIV asyrdaky beýik binagärlik ýadygärlikleri ýerleşýär.
Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasyna Daşgala, Horezmbag, Akgala, Il-Arslanyň ýadygärligi, Töre-beg hanyň ýadygärligi, Gutluk Timuryň minarasy, Ibn Hajyp medresesi, Kerwensaraý ýadygärligi, Mätkerim işanyň medresesi, Pirýarweliniň Aramgähi, Seýit Ahmediň gubury, Soltan Alynyň aramgähi, Daşmetjit ýaly ýadygärlikleri toplumy girýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Köneürgenç jahankeşdeleriň mekany hökmünde giňden tanalýar.
Gülälek JEPBAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.