Siziň üçin...Slider

Siz bulary okan badyňyza, eliňize kitap alarsyňyz!

24-02-2023 / 16

Kitap okamagyň peýdalygyny hemmämiz bilýändiris. Ýöne onuň peýdaly tarapy nämede? Ine, söhbedimiziň özeni hem şu hakda bolar.

Nerw ulgamyny rahatlandyrýar
Tämiz howada seýil etmek ýa-da aýdym-saz diňlemek adamyň nerw ulgamyna oňaýly täsir edýär. Alymlar kitap okamagyň hem nerw ulgamyny rahatlandyrýandygyny hemem munuň iň netijeli usuldygyny belleýärler. Bary-ýogy alty minut gyzygyp okalan kitap ynsany rahatlandyrýan eken.

Ukusyzlykdan gutulmaga ýardam berýär
Uklamaga ýardam berýän iň gowy usul – kitap okamak. Telewizordan ýa-da telefondan çykýan şöhleler beýnä onuň oýanmalydygy hakda habar berýär. Kitaplar bolsa, tersine.

Ýüregi tämizleýär
Kitap okaýan pursatynda okyjy gahrymanlar bilen bile bolýar. Olaryň guwanç we gynançlaryna şärik bolýar. Tejribelerden gelip çykyşyna görä, çeper eserleri köp okaýan adam durmuşda hem özgeleriň duýgularyna gowy düşünýärler.

Beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýar
Dünýä belli Emori uniwersitetiniň alymlary kitap okan adamyň akyl ýörediş ukybynyň birnäçe günläp ýokary derejede saklanýandygyny subut etdiler. Olar: «Kitap okamak beýnidäki öýjükleriň sanyny artdyrýar» diýip tassyklaýarlar.

Ruhuňy göterýär
Kitap okamak ruhy çökgünligi ýok etmegiň ajaýyp usullarynyň biridir. Birnäçe tejribelere görä, näsaglar kitap okap başlanlaryndan soň, olaryň ruhy belli bir derejede ýokarlanýar.

Taýýarlan: Hydyr MAŞAKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu