Göwün küýsegiSlider

Meşhur «Kalila we Dimna» eserinden aşagy çyzlan setirler

23-02-2023 / 49

Öz kysmatyna kaýyl bolman, artyk närseler talap eden kişi gözel çemenliklerde reňbe-reň çeçekleriň hoşboý ysyna we ýaşyl ýaprakly daragtlaryň miwelerine kanagat etmän, piliň gulagyna giren we gulagynyň birje hereketi bilen heläk bolan siňege çalymdaş.
***
Ussaçylyk maýmynyň işi däl.
***
Iki närse hiç kime ýaraşmaýar: selläni aýaga, dolagy başa oramak. Lagyl we ýakut gurşun bilen birlikde gaplansa-da, olaryň bahasy düşmeýär, ýöne bu işi kylan kişi diňe özüniň akmaklygyny subut eder.
***
Biri batyl, biri sag iki adam köçede çaknyşyp, ýykylsalar, parasatly adamlar gözi sag adamy aýyplarlar, gözi ejiz adamyň işini ötünçli diýip hasaplarlar.
***
Adamlarda bar bolan tebigy zehin agajyň ýanmak hususyýetine çalym edýär: agaja o:t goýulmasa, ol ýanmaýar. Edil şunuň deý, tebigy zehin akyl we tejribe bolmasa özüni ýüze çykaryp bilmeýär.
***
Peýdaly we zyýanly zatlaryň tapawudyny hatda wagşy haýwanlaram bilýär.
***
Bilmek gerekdir ki, her işiň öz sebäbi, her sebäbiň öz sebäpçisi we her sebäpçiniň öz mekany we zamany bardyr. Uzak ömürlilik hem-de döwletlilik şulara baglydyr.
***
Adamlarda bar bolan tebigy zehin agajyň ýanmak hususyýetine çalym edýär: agaja o:t goýulmasa, ol ýanmaýar. Edil şunuň deý, tebigy zehin akyl we tejribe bolmasa özüni ýüze çykaryp bilmeýär.

Toplan: Ýusup BAÝRAMGULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu