
«Türkmenistan» gazetiniň internet sahypasynda habar berlişi ýaly, 22-nji fewralda Manamada geçirilen ýokary derejeli türkmen-bahreýn gepleşikleri tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni bilen sylaglanyldy.
«Al Gudaýbiýýa» köşgüniň uly mejlisler zalynda döwlet Baştutanymyza bu abraýly sylagy Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.
Bahreýn Patyşalygynyň ilkinji Emiri Şeýh Isa bin Salman Al Halifanyň adyny göterýän bu orden Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy hasaplanýar. Ol ýurduň häzirki Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa tarapyndan 1999-njy ýylyň oktýabrynda döredilip, döwlet hem hökümet Baştutanlaryna, Mirasdüşer Şazadalara, wise-premýerlere, ministrlere, harby gullukçylara we beýlekilere bitiren aýratyn hyzmatlary üçin berilýär.
«TürkmenGazet».



