2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň III oýny geçirildi.
«Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» atly umumy şygar astynda geçirilýän bu bäsleşigiň III oýnunyň temasy «Gadymy Müsüriň we Mesopotamiýanyň medeni-diplomatiki mirasy: Ýakyn we Orta Gündogar üçin parahatçylyk sapaklary» diýlip atlandyryldy.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň III oýnuna Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Jahan Atamyradowa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Begmuhammet Orazow, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçylary Haýdar Döwranow, Serdar Muhyýew, Baýram Öwezmyradow, şeýle-de şol mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Sahydöwlet Hümmetjumaýew, Jennet Çaryýewa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şyhdurdy Şyhyýew, Balkanabat şäherindäki umumybilim berýän 5-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Tylla Gaýybowa, Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Şirin Rahmanberdiýewa, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Allanazar Ataýew, Allanur Hudaýnazarow, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 8-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Sülgün Abdyrahmanowa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýgül Sähedowa, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky 5-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Güýçmyrat Gulamow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 21-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Saparmyrat Tekäýew dagy gatnaşdylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň III oýnuna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Akjagül Nurgeldiýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekow, şeýle-de şol institutyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Akmyrat Babaýew dagy «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde, eminlik etdiler.
Ýiti bäsdeşlik bilen geçen bäsleşigiň netijesinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şyhdurdy Şyhyýew, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Allanazar Ataýew, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Sahydöwlet Hümmetjumaýew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýgül Sähedowa III oýnuň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň, «Ýedi dogan» hususy kärhanasynyň, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýetiniň, «Ak gar» hojalyk jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hemaýatkärlik etmeginde mynasyp ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.