Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýn Patyşalygynda resmi saparda bolýar

22-02-2023 / 8

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady.

Bu sapar iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan dost-doganlyk we ruhy taýdan ýakynlyk gatnaşyklaryna esaslanýan, umumy abadançylygyň bähbidine giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açar.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

…Iki ýarym sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Muharrak şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Haly ýodasynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni resmi sapary wagtynda özi üçin niýetlenen kaşaň «Four Seasons» myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna tarap ugrady.

Şu gün – 22-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa bilen duşuşygy bolar.

Döwlet Baştutanymyzyň bu saparynyň dostlukly ýurda ilkinji saparydygyny bellemek gerek. Munuň özi häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykarylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu