
Düýe örän ýatkeş, duýgur, düşbi, akylly jandar hasaplanýar. Düýe maly endik eden ýolundan gije hem, gündiz hem azaşmaýar. Agyr ýük götermäge ukyply we çydamly bolýar. Uzak ýollary geçip bilýär. Sowuga, yssa çydamly bolýar.
Düýe uzak wagtlap suwsuz oňup bilýär. Düýe suw ýok halatynda 10 günläp suwsuz gezip bilýär.
Erkek düýe gazaplansa, howsala düşse agzy köpürjükläp, häsiýeti ýaramazlaşýar, sürini, meýdany taşlap gidýär ýa-da suwdan, otdan boýun towlaýar. Bu halatda düýe öz ýanyna hiç bir adamy golaýlatmaýar.
Düýe gabanjaň we sabyrly maldyr. Düýe bulanyk suw içmekligi halaýar. Ol hemişe derýanyň suwuna gelende suwy aýaklary bilen hereketlendirip, bulandyryp içýär.
Düýe Gün şöhlesini has gowy görýär. Şonuň üçin düýe hemişe Güne tarap ýöreýär. Eger bir iner baş bermezek bolup, diýen etmese ony başga bir ineriň ýanynda duşaklap goýýarlar. Şeýdilse, ol iner ýumşaýar we ýuwaşaýar.
Düýe botlaýar. «Botlamak» sözi «köşeklemek» diýen manyny aňladýar. Öňki döwürlerde köşege «bota» diýipdirler. Düýe janawar göwresindäki botasyny 12 aýlap göterýär. Inen düýe ilkinji gezek bäş ýaşynda botlaýar. Düýe botlamaga gidende bojulap ýüzüni demirgazyk-günbatara tutdurýar. Sebäbi bolsa rowaýata görä, düýäniň piri Weýis babanyň mazary şol tarapda bolmaly diýlip düşündirilýär.
Araplar düýeleriniň sany müňe ýetse iner (erkek) düýäniň bir gözüni oýýarlar. Eger müňden geçse beýleki gözüni hem oýýarlar. Olar bu adaty düýeleri gözden goraýar diýen düşünje bilen berjaý edýärler.
Düýe hakynda şeýle sözler bar: «Eger düýä agyr ýük urulsa, ony göterer, eger ýola gidilse, uzaga gider, eger sagylsa, gandyrar».Eýesi düýesini sagmak üçin ony hüwdüläp, gazallar aýdyp, söýgüleýär.
Hörele, maýam, hörele,
Hörelemeseň köşele.
Takyr ýerden tagtyň bar,
Ala ýüpden nogtaň bar.
Süýdüň agaran bolar,
Ýüňleriň ýorgan bolar.
Örküjüne el ýetmez,
Bahasyna pul ýetmez.
Weýisbaba piridir,
Göýä baky diridir.
Aýryl, boýdaş, bu taýdan,
Özüm sagjak düýämi.
Hörele, maýam, hörele,
Hörele, düýäm, hörele.
Güljeren ÇARYÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.



