Magtymgulynyň esaslandyran edebi mekdebi öz döwründe-de, ondan soň hem edebiýatyň ösmegine we kämilleşmegine uly ýardam edipdir hem-de Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes ýaly görnükli söz ussatlarynyň hem-de beýleki ençeme şahyrlaryň halypasy bolupdyr.
Halk rowaýatlarynyň birinde aýdylyşyna görä, geçen asyrda şahyrlaryň birnäçesi gürrüňçilige ýygnanýarlar. Gürrüňçilik gyzyşyp, edebiýat barada söz açylanda, kimdir biri “Indi näme hakda ýazmaly?” diýen soragy orta atýar. Şonda Kemine “Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gitdi. Indi bize diňe onuň hoşasyny çöplemek galdy” diýip jogap berýär. Zelili bolsa, “Hoşa bugdaý arassa bolar” diýip, onuň sözüniň üstüni ýetirýär.
Magtymguly geljek nesillere baý medeni miras galdyrypdyr. Onuň döredijiligi, sözüň doly manysynda, türkmen halkynyň milli baýlygyna öwrüldi. Şahyryň eserleri indi iki ýüz ýyldan gowrak wagt bäri halka hyzmat edip gelýär. Şeýle hem, ol edebiýat meýdanynda ençeme şahyrlara uly döredijilik mekdebi boldy, olara halypalyk kömegini berdi.
Şahyryň döredijiligi zulum-sütemiň, ezilişiň, deňsizligiň höküm süren zamanynda kemala gelip, ol zulum-süteme, deňsizlige, adalatsyzlyga, ezilişe garşy göreşlerde ösüpdir we kämilleşipdir. Şahyr hemişe il-ýurduň, ezilenleriň, horlananlaryň bähbitleriniň goragynda bolupdyr. Ol ömür boýy hakykaty, adalaty agtarypdyr.
Magtymgulynyňky ýaly döwrüň syýasy-jemgyýetçilik aňyna, çeper döredijiligine, şonuň ýaly-da, halkyň aňyýetine şeýle güýçli täsir eden döredijilik örän seýrek duş gelýär. Onuň gozgan watansöýüjilik, dostluk, agzybirlik, ynsanperwerlik baradaky oý-pikirleri, ahlak päkligi, syýasy, etiki, estetiki garaýyşlary henize-bu güne çenli halkyň ünsüni özüne çekip gelýär. Durmuş hakykatyny çeper beýan etmekde, özboluşly keşpleri döretmekde, şahyrçylyk ussatlygy, şygyr sungatynyň täsin syrlary babatda hem onda öwrenere zat kän.
Serdar EMINOW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.