SliderSyýahatçylyk

Täsin gurluşly «Kanberra Taýmz» suw çüwdürimi

21-02-2023 / 14

1979-njy ýylda Awstraliýanyň paýtagty Kanberrada Robert Wudword tarapyndan gurlan «Kanberra Taýmz» suw çüwdürimi dünýädäki tasin suw çüwdürimleriň biri hasaplanýar.

Täsin suw çüwdürimi paýtagtyň gündelik gazeti bolan «Kanberra Taýmz»-yň 50 ýyllygyna bagyşlanyp, şäher ilatyna sowgat hökmünde bina edilipdir. Suw çüwdüriminiň hakyky ady ýerli gazetiň ady bilen baglylykda «Kanberra Taýmz» diýlip atlandyrylýar. Ýöne akyp duran suwdan emele gelýän şekiliň baga meňzeşligi üçin ýerli ýaşaýjylaryň arasynda ol «Bag» ady bilen meşhurdyr. Doly açylmadyk saýawanyň şekiline çalym edýändigi üçin käbir adamlar oňa «Saýawan» suw çüwdürimi hem diýipdirler.

Maglumatlara görä, beýikligi 5 metre ýetýän suw çüwdürimi poslamaýan ýogyn polat turbalardan we inçejik turbajyklardan ýasalypdyr. Suw çüwdüriminiň täsin şekilinden başga-da ýene bir aýratynlygy onuň energiýany tygşytlaýanlygyndadyr. Energiýany az harçlamagy ýylyň dowamynda işleýän «Bag» suw çüwdüriminiň esasy artykmaçlygydyr. Ussat arhitektor aşaklygyna ýaýylyp duran ýelpewaç şekilli turbalary biri-birine sepläpdir. Ýokary başdaky turbalar suwy aşakdan özüne dartyp alýar. Esasy sütünturbadan göterilen suw ýelpewaç şekilli turbalardan biri-birine geçýär. «Bagy» ýasamak üçin arhitektor sepleşikli turbalaryň 7000 sanysyny kebşirläpdir. Olar dört sany suw sorujynyň kömegi bilen işleýändir.

Häzirki wagtda ozalky durkundan kämilleşdirilip, dürli yşyk berijiler bilen bezelen suw çüwdürimi gijelerine hasam gözel keşbe girýär.

«Bag» suw çüwdüriminden başga-da Robert Wudwordyň 1961-nji ýylda guran «Tozgajyk» atly işiniň-de täsinligi bilen ykrar edilendigini aýratyn bellemek gerek. Özboluşlylygy bilen halkyň «diline düşen» suw çüwdürimleriniň görnüşleri başga ýerlerde-de duş gelýär. Häzirki wagtda «Tozgajyk» kimin nusgadaky suw çüwdürimleri ABŞ-nyň Tehas, Minnesota, Florida ştatlarynda, Polşada, Russiýada… görenleri haýrana goýýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu