Ispaniýanyň Kudis şäherinde jahankeşdeleriň ünsüni özünde jemleýän täsin suw çüwdürimi bar. «Jadyly kran» diýip atlandyrylýan bu suw çüwdürimini fransiýaly heýkeltaraş Filip Till gurupdyr.
Bu ýurda gezelenje gelýän islendik adam täsin suw çüwdürimini surata alýar ýa-da onuň ýanynda ýadygärlik surata düşýär. Äpet krandan suw çüwdürimi aşaklygyna akyp ýatyr. Göräýmäge, geň galar ýaly zat ýok diýersiňiz. Ýöne howada asylyp duran kranyň hiç bir zada berkidilmändigini görüp, kranyň nädip howada hiç bir diregsiz saklanyp durandygyna, ondan pagşyldap dökülýän suwuň nireden akyp gelýändigine akyl ýetirmän haýran galýarsyň. «Jadygöý» arhitektoryň ähli syry suwuň içinde gizländigine birbada düşünmeýärsiň.
Äpet krandan akýan güýçli suwy onuň içinde gizlenen turba saklaýar. Arhitektoryň gözbagçylygy aýna ýaly dury turbanyň suwuň içinde bildirmeýänliginden döreýär. Suw şol turbanyň içinden ýokary galyp, daşy bilen aşak akýar. «Kran» suw çüwdürimine dünýäniň başga ýerlerinde-de duş gelmek bolýar. Kanadada, Belgiýada, Ukrainada, Russiýada, Şweýsariýada, Azerbaýjanda, Beýik Britaniýada duşýan «Kran» suw çüwdürimi onuň näderejede meşhurdygyndan habar berýär.
«TürkmenGazet».