Habarlar

Sambo boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

21-02-2023 / 12

Ýakynda Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebinde sambo we söweş sambosy görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Oňa Aşgabat şäherinden, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryndan 187 türgen gatnaşdy. Olar agram derejeleriniň ýedisi boýunça güýç synanyşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Sambo boýunça umumy toparlaýyn hasapda Lebap welaýatynyň türgenleri birinji orna mynasyp boldy. Ýer eýeleri 10 sany birinji, 7 sany ikinji, 14 sany üçünji orunlary eýelemegi başardylar. 4 sany birinji, şonça ikinji we üçünji orunlary eýelemegi başaran aşgabatly pälwanlar hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar. 3 sany ikinji we 5 sany üçünji orunlary eýelemegi başaran Mary welaýatynyň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Sambo boýunça erkekleriň arasynda Aşgabat şäherinden 64 kilograma çenli agram derejesinde Niýazmyrat Babekow, 71 kilograma çenli agram derejesinde Abdulkerim Garaýew, 88 kilograma çenli agram derejesinde Parahat Bäşimow, Lebap welaýatyndan 58 kilograma çenli agram derejesinde Arslan Ismailow, 79 kilograma çenli agram derejesinde Bahram Bahramow, 98 kilograma çenli agram derejesinde Guwanç Begaliýew, +98 kilogram agram derejesinde Döwlet Islamow ähli garşydaşlaryndan güýçli çykdylar.

Aýal-gyzlaryň arasynda Aşgabat şäherinden 65 kilograma çenli agram derejesinde Wiolleta Krowýakowa, Lebap welaýatyndan 50 kilograma çenli agram derejesinde Aziza Nazarowa, 54 kilograma çenli agram derejesinde Dinara Ibadullaýewa, 59 kilograma çenli agram derejesinde Madina Aýdogdyýewa, 72 kilograma çenli agram derejesinde Dinara Hallyýewa, 80 kilograma çenli agram derejesinde Jahan Muhammedowa we +80 kilograma çenli agram derejesinde Maksuda Egemberdiýewa dagy birinji orna mynasyp boldular.

Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary hem-de Söweş sungaty Milli federasiýasy tarapyndan degişli derejedäki medallar gowşuryldy. Ýeňijiler milli ýygyndymyzyň hatarynda halkara ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazandylar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu