19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhmany döwlet Baştutanymyz garşylady.
Belent mertebeli myhmana türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik ýörelgelerine laýyk gelýän hormat-sarpa bildirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi we her gezek Türkmenistana gelende, özüni ata Watanynda ýaly duýýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu taslamalar ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi berip, maýa goýumlary çekmek, bilelikdäki önümçilikleri döretmek, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek, bank-maliýe ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bar bolan kuwwaty doly derejede ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
«TürkmenGazet».