Habarlar

«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany gowşuryldy

20-02-2023 / 30

18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli gepleşikleriň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin bu gullugyň işgärlerine “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny hem-de degişli şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda,

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili Aksoltan Toreýewna Ataýewa,

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowa,

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Baýramowiç Orazow,

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Berlin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimurat Rejepow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Amangeldi Rahmanow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň dosenti Çary Geldiýewiç Nyýazow.

«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu