Habarlar

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni dabaraly bellenildi

20-02-2023 / 9

18-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramçylygy we şu maslahatyň geçirilmegi mynasybetli diplomatik işgärlere iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. 

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine örän ýokary talaplaryň bildirilýändigi maslahatyň barşynda üns çekilen esasy meseleleriň biri boldy. 

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine hemişe aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde-de türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, döwlet Baştutanymyzyň ählumumy durnukly we howpsuz ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny netijeli durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Hünär baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine hem-de Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Maslahatyň çäklerinde institutda ýörite sergi guraldy, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi.

«TürkmenGazet.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu