Häzirki zaman döredijilik adamlarynyň — ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň, režissýorlaryň… özlerini kompýutersiz, işlemek üçin oňaýly bolan noutbuksyz göz öňüne getirip bilmeýändigini aýdýanlarynyň sany gitdigiçe köpelýär. Dogrudan-da, edil galam-kagyz ýaly, islendik ýere ýanyň bilen alyp gidibermeli noutbuklaryň oňaýlylygy oňa bolan islegiň barha artmagyna getirýär.
Biz noutbuk diýenimizde olaryň ählisini umumylykda göz öňüne getirip öwrenipdiris. Ýöne kitap ýaly iki eplenilýän, özünde maglumatlaryň giden bir toplumyny saklamaga ukyply bu täsin kömekçimiziň belli-belli aýratynlyklaryna görä başgaça atlandyrylyşy-da bar. Mysal üçin, internetde işlemeklige niýetlenip ýörite döredilen, «Google» kompaniýasynyň «Chrome OS» operasion ulgamynda işleýän «Chromebook» noutbuklarynyň öndürijisi islendik kompaniýa-da bolup biler. Eger «Elitebook» diýen ýazgyny okasaňyz, öňüňizde «HP» kompaniýasynyň, «Lifebook» diýip ýazylgy bolsa «Fujitsu» şereketiniň önüminiň durandygyny biläýiň. Şonuň ýaly-da «Lenovo» kompaniýasynyň hem diňe özüniň öndürýän noutbuklary bar. Olaryň biri «Thinkpad» telekeçileriň işi üçin niýetlenilen bolsa, «Ideapad», esasan, ýaşlara, öwrenjelere, şonuň ýaly-da edaralarda hat-petek işlerini alyp barmaklyk ýaly uly agram talap etmedik zerurlyklara niýetlenendir.
«Apple» şereketiniň öndürýän noutbuklary — makbuklar has gymmatlygy hem-de operasion gurluşynyň üýtgeşikligi bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Şonuň ýaly-da bize noutbuklaryň «ultrabuk» görnüşi hem bellidir. Olaryň noutbuklardan kemterlik edýän ýeri — diskowodsyzlygy käbir oňaýsyzlygy döredýär diýmeseň, ol islendik ýerde işlemek üçin amatlydyr. Netbuklar hem noutbuklardan göwrüminiň we işleýiş güýjüniň kiçiligi bilen tapawutlanýarlar. Şonuň üçinem olarda noutbuklardaky ýaly uly göwrümli işleri ýerine ýetirip bolmaýar.
Şirin ATAJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.