Dünýewi we dini ylymlaryň köp ugurlary boýunça ençeme şägirtleri ỳetişdiren Nejmeddin Kubra öz döwründe beýik mertebeli alym hökmünde ykrar edilipdir. Beỳik ulamanyň hakyky ady Abuljennap Ahmet ibn Omar ibn Muhammet bolup, ol ylym äleminde Nejmeddin Kubra hökmünde meşhur bolupdyr.
türkmen medeniýetini, onuň şöhratly taryhyny, adamzat paýhasynyň gazananlaryna goşan ylmy goşandyny Nejmeddin Kubra ýaly beýik şahsyýetleriň , ulamalaryň ylmy we edebi mirasyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däldir.
Halkymyzyň medeni-ylmy äleminiň röwşen ýyldyzyna öwrülip, bütin Gündogarda uly hormata, beýik ykrarnama mynasyp bolan Nejmeddin Kubra Horezmiň syýasy, medeni durmuşynda möhüm orun degişli bolupdyr. Alymyň Köneürgenç topragynda ylym, bilimiň ösüşlerinde beýik hyzmatlary bitirendigini ençeme alym-ulamalar öz işlerinde ýazyp beýan edipdirler. Nejmeddin Kubra diňe alym hökmünde däl-de,watany söýmekligiň, oňa wepalylygyň we goramaklygyň beýik nusgasyny görkezen merdana hökmünde hem nesilleriň mydamalyk hakydasyna siňipdir.
Watan mukaddesliginiň çägi, ölçegi ýokdur, Watan düşünjesi bakydyr. Türkmeniň başynyň täjine deňän Watan mukaddesliginiň näderejede beýikdigini, gymmat-sarpasynyň belentdigini alym özüniň gahrymançylyga öwrülen eserlerinde beýan edipdir. Nejmeddin Kubranyň edermenligi, gahrymançylygy hakyndaky gürrüňler rowaỳatlara öwrülip, bütin Gündogarda meşhurlyga eỳe bolupdyr.
Şasoltan KEMALOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.